logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Culture /Taryha ser salsak
  21.10.2020
805
Taryha ser salsak

     100 ýyl mundan ozal Änew medeniýeti amerikan geology Rafael Pampelliniň ylmy barlaglary netijesinde ilkinji gezek dünýä äşgär boldy. Türkmen topragynda baryp biziň eramyzdan öňki 5 müňýyllykda ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaý Änew medeniýeti bilen baglanşyklydyr.

      Änew medeniýetiniň dowam eden döwri biziň eramyzdan öňki 5 müňýyllyga 3-nji müňýyllygyň başlaryna degişlidir . Şol gadymy döwürlerde ata- babalarymyz bolan änewlilerde amaly sungat hem bolupdyr. Munuň şeýledigine başaşa üçburçlyklardan, inedördül dörtburçlyklardan, tolkun şekilli we göni çyzyklardan ybarat bolan geometrik nagyşlar bilen bezelen we toýundan ýasalan gap- gaçlar, daşlaryň dürli görnüşinden, şol sanda pöwrize we hakyk daşyndan ýasalan monjuklar şaýatlyk edýär. Änewde esasy kär ekerançylyk bolupdyr, muňa mysal hökmünde däneleriň toýunda galan yzlary, şeýle hem gazuw-agtaryş işleri geçirilende tapylan daş kätmenler, oraklardy we sokulary görkezmek bolar. Ekerançylyk esasan ýarym suwarymly häsiýetde bolan bolsa gerek. Ekerançylyk üçin çaýlaryň, akar çeşmeleriň jülgeleri ulanylypdyr. Ilat galla ekinlerini, ilkinji nobatda bolsa, arpa ekipdirler. Änewliler maldarçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Arheologik barlaglaryň netijeleri gara malyň, şeýle hem ýabynyň, düýäniň süňkleriniň galyndylarynyň tapylandygyny görkezýär.

      Änew medeniýetiniň örän gyzyklanma döredýänliginiň sebäbi, ol gadymy merkezler bolan Elam we Şumer bilen baglanyşykly ekerançylyk merkezleriň Türkmenistanyň günortasynda bolandygyny anyklamaga mümkinçilik berýär. Baryp şol döwürlerde Hindistanyň medeniýeti bilen, Ikiderýanyň arasyndaky iňňän gadymy siwilizasiýa bilen aragatnaşykda bolandygy barada gürrüň etmäge esas bar. Olardan soňky döwürlerde Türkmenistanyň eneolit medeniýeti Owganystanyň, Bulujystanyň we başgalaryň medeniýetine barha köp täsir edipdir.

     Soňky onýylyklaryň dowamynda Hytaýda Sinszýandaky eneolit döwrüne degişli ýaşaýyş mesgenlerinde Änewiň syrçasyz küýzegärlik önümlerine meňzeş nagyşly önümler tapyldy. Adamzat taryhynda Änew medeniýetiniň agdyklyk ediji ähmiýeti bar, ol ekerançylygyň jülgeleriniň hem-de sähralyklaryň ilatynyň hojalyk, medeni, etniki we syýasy taýdan özara gatnaşygynda mynasyp orny eýeläpdir.