Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Talyplar Geňeşi” talyplaryň mümkinçiliklerini artdyrýar
  15.11.2024
148
“Talyplar Geňeşi” talyplaryň mümkinçiliklerini artdyrýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Talyplar Geňeşi” hereket edýär
 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýokary bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň bilim almak we hünär taýdan ösdürmek mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça birnäçe möhüm işler amala aşyrylýar. Şu maksatlar esasynda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Talyplar Geňeşi” hereket edip başlady.
 

“Talyplar Geňeşi” jemgyýetçilik häsiýetli meýletin bileleşik bolup, uniwersitetde ýokary düşünjeli, zähmetsöýer we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan ýaşlary birleşdirýär. Geňeşiň esasy wezipesi ýaşlaryň arasynda ylym-bilim almaga höwesi artdyrmak, milli gymmatlyklary we medeni mirasy wagyz etmekdir. Şeýle hem, bu bileleşik zehinli talyplary ýüze çykarmak, olaryň hünär we döredijilik mümkinçilikleriniň ösmegine ýardam bermek bilen bilelikde, döwlet we jemgyýetçilik çärelerine işjeň gatnaşmagyny gazanýar.
 

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we dünýä ölçeglerine çykarylmagyna aýratyn üns berilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilim, sanly bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, daşary ýurt dillerini we ylmy dersleri okatmak bilen bagly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler ýaş nesliň bilim derejesini we hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.
 

Türkmenistanyň ýaşlar syýasatyna laýyklykda, ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, olaryň jemgyýetiň dürli ugurlarynda işjeň gatnaşmagy üçin amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, döwletde amala aşyrylýan özgertmelere ýaşlaryň goşandyny üpjün edýär.
 

Talyplar Geňeşiniň döredilmegi hem bu maksatlara gönükdirilip, uniwersitetde medeni we bilim ösüşine uly itergi berer.
 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi


Çemen MÄMMETGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika

institutynyň 1-nji ýyl talyby