logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦ ✦ Logopediýada sakawlanma - sözleýşiň giňden duş gelýän kemçilikleriniň biri ✦ ✦ Arheologiýa - geçmişiň syrly mirasyny öwrenýän ylym ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady
  12.04.2026
436
Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady

Häzirki wagtda bilim ulgamynda takyk ugurly dersleriň, aýratyn-da matematikanyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Bu ugur diňe bir okuwçylaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň logiki pikirlenmek, seljermek we amaly meseleleri çözmek ukyplaryny ösdürmäge hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda bilim edaralarynda okuw işini döwrebap guramak, täze pedagogik çemeleşmeleri ornaşdyrmak hem-de okuw prosesiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şeýle çemeleşmeler uzak möhletleýin bilim maksatnamalarynyň çäginde amala aşyrylýar we bilim ulgamynyň durnukly ösüşine gönükdirilýär. 

 

Okuw prosesine döwrebap çemeleşmeler

Häzirki döwürde matematikany okatmak diňe nazary ugurlar bilen çäklenmän, has işjeň we interaktiw görnüşde amaly sapaklaryň üsti bilen hem okuwçylara ýetirmek wajypdyr. Okuw prosesinde giňden ulanylýan usullar:

  • interaktiw okuw usullary
  • toparlaýyn işler
  • amaly meseleleriň çözülmegi
  • logiki we tankydy pikirlenmäniň ösdürilmegi

Bu çemeleşmeler okuwçylaryň derse bolan gyzyklanmasyny artdyrýar hem-de olaryň bilimleri has netijeli özleşdirmegine mümkinçilik berýär.

 

Häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegini nazara alyp, sanly tehnologiýalaryň orny

Bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir. Maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy:

  • okuw materiallaryny has düşnükli edýär
  • çylşyrymly temalaryň wizual düşündirilmegine mümkinçilik berýär
  • okuw prosesini has täsirli we gyzykly edýär

Şonuň üçin hem häzirki wagtda tehnologiýa bilim ulgamynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

 

Ylaýtada mugallymlaryň hünär taýdan ösüşi

Bilimiň hilini ýokarlandyrmakda mugallymlaryň hünär derejesi möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, pedagoglaryň arasynda tejribe alyşmak, täze usullary öwrenmek we okuw prosesine ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Bu ýagdaý:

  • okuw usulyýetiniň kämilleşmegine
  • täze pedagogik çözgütleriň ornaşdyrylmagyna
  • umumy bilim hiliniň ýokarlanmagyna getirýär

 

Bu şertleriň uzak möhletli ösüşe täsiri

Takyk ugurly dersleriň ösdürilmegi ýurduň ykdysady we tehnologik ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Bu ugur:

  • geljekki hünärmenleriň taýýarlanylmagyna
  • IT, inženerçilik we ylmy ugurlaryň ösmegine
  • jemgyýetde pozitiw tankytly pikirlenmäniň güýçlenmegine mümkinçilik berýär

 

Bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler matematikany we beýleki takyk dersleri okatmagyň hil taýdan täze derejä çykýandygyny görkezýär. Bu ýerde aýratyn üns çekmeli ýagdaýymyz, esasy maksat diňe bilim bermek däl, eýsem häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda pikirlenip bilýän, dürli döreýän meseleleri sosial bähbitli, jemgyýete oňaýly derejede çözmäge ukyply nesli kemala getirmekdir.

 

Baýramgül EZIZOWA,
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen
32-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.