logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Synçylara şahsyýetnamalar gowşuryldy
  19.02.2021
689
Synçylara şahsyýetnamalar gowşuryldy

      Ahal welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsümiň çäginde milli synçylara şahadatnamalary gowşurmak mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa welaýat saýlaw toparynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.  

         Dabarada bellenilişi ýaly, şu ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsüm yglan edildi. Häzirki günlerde möwsümiň çäginde saýlawlara syn etjek milli synçylary bellige almak we olara degişli şahadatnamalary gowşurmak çärelerine ähmiýet berilýär. Öňde duran saýlawlar boýunça Ahal welaýat saýlaw topary tarapyndan syýasy partiýalardan, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlar topary tarapyndan hödürlenen milli synçylar  hasaba alyndy.  

         Işjeň ýagdaýda geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alnan milli synçylara degişli şahsyýetnamalar gowşuryldy.