logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Suwy näme üçin gaýnatmaly?
  24.01.2023
1593
Suwy näme üçin gaýnatmaly?

Mälim bolşy ýaly, suw adamyň gündelik durmuşynda ýaşaýşyň esasy çeşmeleriniň biridir. Bolçulygyň hem barlygyň gözbaşy bolan suwuň ulanylmaýan ýeri ýok bolsa gerek. Eýsem, suwy näme sebäpden gaýnatmaly ýa-da gaýnag suwuň biziň saglygymyza peýdaly taraplary nämelerden ybarat? 

Türkmençilikde we beýleki gündogar halklarynyň däp-dessurlaryndan esasy orun alan gündelik içgi bolan çaý üçin hem suw gerek.  Gaýnag suw bolmazdan çaý, kofe ýa-da beýleki içgileri taýýarlamak mümkin däl. Suw gaýnadylanda suwuň ýokary temperaturasy onuň düzümindäki dürli gurluşly birleşmeleriň dargamagyna we gerekli bolan tagamyň ýaýramagyna itergi berýär. Netijede gaýnag suw tagamy özüne siňdirýär we taýýarlanýan içgä özboluşly lezzet berýär. Dürli hili sowuklama kesellerinde, dümewde hem gyzgyn çaý ýa-da dürli dermanlyk otlardan taýýarlanan melhemlik demlemeleri hem peýdalydyr. Bularyň ählisini taýýarlamak üçin bolsa, ilkinji nobatda gaýnag suw gerek. Dümewde gaýnag suw peýdalanylanda hem ol ses perdeleriniň işini sazlaýar we sesi açýar hem-de sesiň dury çykmagyna getirýär. Ýa-da bolmasa, lukmanlar tarapyndan her gün ir säher bilen diňe gaýnap, sowan suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw gaýnadylanda onuň içindäki zyýanly birleşmeler, maddalar dargaýar. Şeýle hem ir bilen içilen bir bulgur suw aşgazany we iýmit siňdiriş ýollaryny arassalaýar. Şeýle hem gaýnag suwuň berhiz saklamakda we horlanmakda hem peýdasy uludyr. Sebäbi suwuň düzüminde hiç hili ýagyň saklanmaýandygy üçin ol artykmaç agramdan dynmak isleýänlere ýardam edýär. Gündelik çaý bilen kofeniň ýerine, esasan, gaýnag suw içmek has hem ýaramlydyr. Bilermenler tarapyndan, günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk mukdarda suw içmek maslahat berilýär. Suw bedendäki duzlaryň daşyna çykmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, gaýnag suw bedeni berkidýär, işjeňligi artdyrýar, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär. Halk lukmançylygynda bir gap gaýnag suwuň üstüne ýüzüňi tutup, başyňy örtmek we bugdan dem almak dümewiň esasy derman serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Çünki suw bugy dem alyş ýollaryny arassalaýar.

Gündelik iýilýän miweleri we gök önümleri hem gaýnag suwa ýuwmaklyk zerurdyr. Gaýnag suw olaryň daşky gabygynda bolup biläýjek kiçi bedenjikleriň ýok edilmegini üpjün edýär. Bu bolsa sagdyn iýmitlenmekde zerur görkeziji bolup çykyş edýär. 

 

Kadyr GULOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.