Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Tebigat /Suwuň taryhy-ýaşaýyş taryhy
  18.07.2024
266
Suwuň taryhy-ýaşaýyş taryhy

Ýaşaýyş, dünýä suwdan başlanýar hem-de suw bilen dowam edýär. Suwuň syrlylygy özge zatlaryň syrlylygyndan has özüne çekiji. Adamyň ýoly derýalardyr deňizleriň kenary boýunça uzalyp gaýdýar. Karta seredip, tebigatyň çyzan ýollaryny synlanyňda, gadymy pederlerimiziň dünýäniň köp ýerlerinde mesgen tutandyklaryna göz ýetirýärsiň. Suwuň ýoly – adamyň ýoly. Adamyň ýoly deňizdir derýalaryň kenarlaryndan yklymyň jümmüşine tarap ugrugýar.

Ýewropada-da, Aziýada-da derýalar adamlar üçin esasy ýol bolupdyr. Ýüzlerçe nesiller derýalaryň boýunda ýaşap, kenar ýakalary bilen göç edip, dünýäniň dört künjegine ýaýrapdyrlar. Şol ilkinji ýaýraýşyň bir ujy biziň topragymyzyň çäklerine hem gelip ýetýär. Özem Türkmenistanyň çäkleri tutuş Aziýa boýunça adamzadyň iň irki mesgen tutan ýerleri hasaplanylýar. Taryhy maglumatlaryň tassyklaýşy ýaly, iň ilkinji adamlaryň kem-kemden paýhasly ýaşaýşa geçip ugramaklary-da, has soňraky gadymy medeniýetiň ösüşi-de suw siwilizasiýasyna esaslanýar. Bäş müň ýyl mundan ozal eždatlarymyz suwarymly ekerançylyk bilen meşgullanyp, Änewde däne ekipdirler. Dünýä taryhy ilkinji bolup suwa erk edip ugran adamlaryň biziň ata-babalarymyzdygyna, ekerançylygyň – bugdaý ösdürip ýetişdirmegiň türkmen topragynda başlanandygyna şaýatlyk edýär. Suwy öz haýryna tabyn etmegi başaran eždatlarymyzyň bagy-bossan ýurduny gören daşary ýurtlular haýran galyp, bu ýerleriň ilatyny “Bagtly ilat” diýip atlandyrypdyrlar.

 

Suw adamlarda agzybirligi, raýdaşlygy ösdürmäge örän uly ýardam edipdir. Çünki umumy işleri – kanallary gazmagy, köprüleri gurmagy köpçülikleýin, ýagny suwdan ýa-da köprüden peýdalanyjylaryň ählisi bolup ýerine ýetiripdirler. Bu bolsa, ynsanlaryň agzybirligine, biri-biri bilen ysnyşmaklaryna getiripdir. Suw bilen baglanyşykly rowaýatlaryň, däp-dessurlardyr adatlaryň köp halklarda biri-birine juda meňzeş bolmagy-da dürli halklary biri-biri bilen ysnyşdyrýar. Özünde örän köp syrlary saklaýan suw dürli halklaryň däp-dessurlaryny-da gorap saklaýar. Diýmek, suw we oňa bolan garaýyşlar belli bir derejede halklaryň medeni derejesiniň hem ölçeg daşy bolup durýar.

 

Görşümiz ýaly, suw diňe ekerançylyk üçin gerekdir diýsek, ýalňyşýarys. Suw tutuş adamzadyň ykbalyna uly täsirini ýetirip duran beýik gudrat. Şonuň üçin hem, eždatlarymyzyň her bir taryhy öwrülişiginde suwuň orny juda uly. Başgaça aýdanyňda, suw – ýaşaýyş, suw – medeniýet, suw – ylym, suw – ruhy baýlyklaryň çeşmesi. Edil ekinler ýaly, şolaryň barysy diňe suw bar ýerinde gülläp ösüp bilýär. Munuň özi, suwuň taryhynyň ýaşaýşyň taryhydygyny, ýaşaýyş taryhymyzy anyk öwrenjek bolsak, ilkinji nobatda, suwuň taryhyny, onuň akan ugurlaryny has anyk öwrenmelidigimizi aňladýar.

 

Dogrudan hem, suw – ýaşaýyş. Suw – durmuş. Sözümizi jemläp aýtsak, ynsana ýaşaýşy bagyş edýän, onuň paýhasyny oýarýan, ösüp-örňemegine şert döredýän reňksiz hem yssyz suw, diňe bir adamzadyň şu güni üçin zerurlyk bolman, eýsem onuň geçmiş taryhynyň hem aýnasydyr.

 

Bahadir ORAZMETOW,

Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň

Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmeni.