logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Suwuň düzümindäki käbir maddalaryň howpy
  31.10.2022
1121
Suwuň düzümindäki käbir maddalaryň howpy

Suwuň düzümindäki käbir maddalaryň mukdarynyň köp bolmagy, saglyk üçin zyýanly bolup biler.

Myşýak we kadmiý suwa, topragyň ýokarky gatlaklaryndan düşüp bilýär. Netijede bu agyr metallaryň bedene aralaşmaklygy bilen, adamyň zäherlenmegine getirýär.

Suwuň düzüminde kremniý artykmaç mukdarda bolanda, bagyr, böwrek we gan damar ulgamyna ýaramaz täsir edýär. Ýoduň mukdarynyň hem artykmaç bolmagy, bedende zäherleýji täsir döredýär.

Berhiz saklaýan adamlar, bir litriniň düzüminde mineral maddalaryň mukdary bir gramdan ýokary bolan suwy, diňe lukmanyň görkezmesi boýunça içip bilerler. Munuň bilen bir hatarda, häzirki wagtda köpsanly hojalyklarda suw arassalaýjylary bardyr. Bu hem suwuň düzümindäki peýdaly maddalaryň agramly böleginden mahrum edýär.

Şeýle suw doly arassalanan görnüşde bolýar. Bedende öýjügara boşluga düşüp, doly arassalanan suw, öýjükden kaliý, kalsiý, magniý ýaly wajyp himiki elementleri özüne sorup alýar we munuň netijesinde öýjükde bolup geçýän biohimiki hadysalaryny bozýar. 

 

Selbi MEREDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.