Häzirki wagtda köptaraplaýyn halkara gatnaşyklary berkitmegiň syýasy-diplomatik usuly hökmünde suw diplomatiýasyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 3-nji dekabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýedir. Sammit Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilip, forumda türkmen halkynyň Milli Lideriniň taryhy mazmunly çykyş etmegi dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn seslenme döretdi.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasy çölleşmäge, topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek, gurakçylygyň täsirlerini peseltmek boýunça ýurtlaryň hem-de guramalaryň halkara, sebit we milli derejede tagallalaryny birleşdirmek maksady bilen kabul edildi. Konwensiýa gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň çäklerinde geçirilýän “Bitewi suw” sammiti barada aýdylanda, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň biri bolan arassa agyz suwuna elýeterliligi üpjün etmek babatda tagallalary utgaşdyrmaga, suw meseleleriniň oňyn çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyz suw meselelerinde dünýä jemgyýetçiligi, ilkinji nobatda, BMG bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň tebigaty goramak bilen baglanyşykly ençeme resminamalaryna, şol sanda biologik köpdürlülik, ozon gatlagyny goramak, çölleşmäge garşy göreşmek, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakynda Konwensiýalaryna, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar konwensiýasyna, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyna, Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen, bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalara yzygiderli eýerýändigini bellemek gerek. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy we beýleki abraýly düzümler bilen bilelikde milli hem-de sebit derejesinde maksatnamalardyr taslamalaryň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistanyň suw meselesi babatda öňe sürýän başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, sebit ösüşiniň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň maksatlaryna laýyk gelýär.
Döwran KIÇIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.