logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi!
  17.04.2023
1451
Şu gije — mukaddes Gadyr gijesi!

Ýaradylan aýlaryň bihaly ýokdur, ýöne dünýäniň köp ýurtlarynda Remezan aýyna üýtgeşik garalýar. Bu mukaddes aýda Gadyr gijesiniň möhüm orny bar. Gündogar halklarynda oňa sogap gijesi hem diýilýär. Gadyr gijesi Remezan aýynyň içinde täk bir gün hasaplanylýar. Mübärek Oraza aýynyň 26-syndan 27-sine geçilýän gijä Gadyr gijesi diýilýär.

Dini rowaýatlara görä, Jebraýyl aleýhisselam külli yslam dünýäsiniň mukaddes kitaby bolan Gurhanyň «Alak» süresiniň «Ikra» («Oka!» diýmek) buýrugy bilen başlanýan ilkinji bäş aýatyny Muhammet pygambere hut şu gijede ýetirenmiş. Gadyr gijesiniň Oraza aýynyň haýsy gijesine gabat gelýändigi takyk bilinmeýär, diňe onuň aýyň soňky ongünlüginde gizlenendigi aýdylýar. Yslam alymlary bu gijäniň Oraza aýynyň 26-njy gününe gabat gelýändigi baradaky karara gelýärler.

Gijäniň ady «Laýlat al-Kadr» sözünden gelip çykyp, türkmen dilinde «perman, sogap» diýen manyny berýär. Mahlasy, Gadyr gijesi Gurhanyň ilkinji aýatlarynyň Ýere inen iň sogaply gijesidir.

Remezanyň Arşdan Zemine sogap nury ýagýan gijesi ‒‒ Gadyr gijesi külli musulmanyň durmuşynyň mübärek pursatlarydyr.
Müň aýdan haýyrly saýylýan Gadyr gijesinde uklaman, ýagşy dilegler edip oturmagyň özi-de ynsanlaryň kalbyna nur çaýýar, birek-birege mähribanlaşdyrýar. Bu gijede berjaý edilen ybadatyň, haýyr-sahawatyň sogaby beýleki müň aýyň dowamynda edilen ybadatlaryň, haýyr-sahawatlaryň sogabyndan üstündir. Şonuň üçinem her bir ynsan ýakynlarynyň, il-günüň, Watanyň abadanlygynda iň ýagşy günleriň ýaran bolmagyny dileg edýär.

Gadyr gijesine ählimizem garaşýarys welin, durmuşyň ýollarynda ýalňyşan-ýaňylan bendileriň maşgalalarynyň garaşyşy has başgaça. Her ýyl Gadyr gijesinde Arkadagly Serdarymyz sahawatdan püre-pür ýüregi bilen olaryň ýüzlerçesiniň günäsini geçýär. Şu ýyl hem şeýle boldy. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken sahawatly resminamasy bilen, iş kesilen bendileriň köp sanlysynyň maşgalalaryna täze bagtyň nury çaýyldy. Hormatly Prezidentimiz azatlyga goýberilenleriň ykbalyna-da nur çaýdy. Bu nur olary mundan beýläk Watanymyz, halkymyz, milli Liderimiz üçin halal, ak ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrar.

Ýylyň iň arzyly, iň mukaddes gijesi bolan Gadyr gijesinde etjek doga-dilegleriňiz kabul bolsun, eziz ildeşler!