logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Economics /StartUp Akademiýasynda biznes-startup okuwlarynyň täze möwsümi başlanýar
  11.04.2024
909
StartUp Akademiýasynda biznes-startup okuwlarynyň täze möwsümi başlanýar

Täze iş pikirlerini durmuşa geçirmek isleýänleriň birleşýän nokady bolan MCT Agency-niň StartUp Akademiýasy biznes-startup okuwlarynyň täze möwsümini gurnamaga taýýarlanýar. Bu ýerde gatnaşyjylar biznes pikirlerini durmuşa geçirmeklik, olary dolandyrmak, meýilnamalaşdyrmak,  maliýeleşdirmek ýaly möhüm temalary özleşdirerler. Okuwlar öz ugrunda tejribeli mugallymlar we hünärmenler tarapyndan türkmen we rus dillerinde gurnalar. Gatnaşyjylar şahsy pikirlerini we ideýalaryny degişli mentorlar we maýadarlar bilen maslahatlaşmaga mümkinçilik alarlar.

Startup- bu durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçiligi bolan, jemgyýetdäki bar bolan meseläni çözmäge niýetlenen täzeçil iş pikiridir.

Okuw tutuş günüň dowamynda 09:00 - 18:00 aralygynda gurnalyp, 5 sapakdan ybarat bolar. Startup Akademiýasynyň agzalarynyň bellemegine görä, sapaklara gatnaşan gatnaşyjylar möwsümiň ahyrynda biznes ideýalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirip bilerler.

Biznes sapaklaryna ýazylyşyk 14-nji aprele çenli dowam eder.

Okuw möwsümine ýazylmak üçin:

https://forms.gle/ CcBN1HmH9zDKSxQ86

Goşmaça maglumat üçin Startup Akademiýasy bilen habarlaşyp bilersiňiz:

+99361130929 Selbi Nurjanowa, Startup Akademiýasynyň koordinatory