logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /«Sport saglygyň girewidir» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi
  12.04.2023
974
«Sport saglygyň girewidir» ady bilen sport bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe sporta   uly üns berilýär. Ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Geçirilýän sport bäsleşikleriniň sany gün-günden artýar. Şeýle bäsleşikleriň biri-de ýakynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda «Saglyk» aýy mynasybetli Tejen etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Sport saglygyň girewidir» ady bilen etrabyň 42-nji orta mekdebiniň sport zalynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça  geçirildi. Bäsleşigiň ähli toparlarynyň düzüminde hem bilim ulgamynda zähmet çekýän sporta höwesli Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary çykyş etdiler.

Bu ýaryşa etrabyň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Ýaryş ähli toparlar üçin hem diýseň gyzykly geçdi. Janköýerler öz toparlaryny ýaryşyň soňuna çenli goldamagy başardylar.

Birnäçe tolgundyryjy pursatlar bilen geçen bäsleşigiň ahyrynda oňat taýynlykly gelen 7-nji orta mekdebiň woleýbolçy mugallymlary üstünlikli çykyş edip 1-nji orny eýelemegi başardylar. Şeýlelikde 2-nji orny 42-nji mekdep, 3-nji orny bolsa 5-nji mekdebiň mugallymlary eýelemegi başardylar.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler 
arkalaşyklarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.