logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Sport-saglygyň girewidir
  13.06.2021
1218
Sport-saglygyň girewidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tutuş dünýäde giň meşhurlyga eýe boldy. Adam hakyndaky alada şol syýasatyň ileri tutulýan ugry bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asiambleýasynyň 72-nji mejlisinde kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. Munuň özi milli Liderimiziň sebit hem-de ählumumy derejede sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşi hökmünde ykrar edilen welosiped sportuny ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça alyp barýan giň möçberli işleriniň halkara derejesinde ykrar edilmesi boldy. Şoňa laýyklykda, häzirki döwürde dürli derejedäki sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen Türkmenistanda 2021-nji ýylda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramaçylykly geçirmek ugrunda zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda geçiriljek bu iri ýaryş halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmaga giň mümkinçilik berer. Şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekdäki, olimpiýa hereketini ösdürmekdäki, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermekdäki nobatdaky ädim bolar.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň türgenleriniň iri ýaryşa we sportuň beýleki görnüşlerine ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlyk görmegi üçin ähli amatly şertler döredilendir. Şu maksat bilen köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary we açyk sport meýdançalary guruldy. Hut şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyzyň şahsy göreldesi bilen ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, ekologiýa taýdan arassa, özüne çekiji, Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen hem-de dünýäniň köp ýurtlarynda uly meşhurlyga eýe bolan welosiped sportunyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Nesip bolsa, bu ýyl has takygy Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ýylynda, 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek Welotrek boýunça dünýä çempionatynda hem türgenlerimiz üstünlikli çykyş edip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň sport ulgamyny, sport diplomatiýasyny ösdürmäge berýän ünsüne mynasyp jogap bererler, ata Watanymyzyň baýdagyny belende götererler!