Sportuň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur hökmünde has-da ösdürilmegi, ilkinji nobatda, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerini alyp barmaga, wagyz etmäge, şol bir esasda köp sanly raýatlary giňden çekmek arkaly sportuň ähli babatda netijeliligini artdyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda sportuň döwrebap düzüminiň kemala gelmegine gönükdirilen ähli çäreler uzak geljek üçin berk bedenli, gujur-gaýratly, sagdyn pikirlenýän nesillerden ybarat bolan kämil jemgyýeti kemala getirmegi ugur edinýär.
Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän sport desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Netijeli türgenleşikleri alyp barmak üçin ähli zerur şertleriň döredilýän döwründe şeýle mümkinçilikleri iş ýüzünde ulanmagy başarýan, sport enjamlaryna we sportuň dürli görnüşleriniň tilsimlerine erk edýän hünärmenleri, tälimçileri we türgenleri taýýarlamak wezipesine hem aýratyn üns berilýändigini bellemek zerurdyr. Munuň özi sportuň netijeliliginiň has-da artdyrylmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Il saglygy – ýurt baýlygy. Bu şygar häzirki wagtda ýurdumyzda bagtyýar raýatlarymyzyň esasy ýörelgesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baş saglygyny pugtalandyrmak babatdaky aladalarynyň çuňňur many-mazmuny bar. Çünki halkyň saglygy ösen hem-de kuwwatly döwleti häsiýetlendirýän esasy görkezijileriň biridir. Halkyň saglygy kuwwatly döwlet daragtynyň kökleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik maksatnamalaryň, döwletli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi möhüm şertleriň biridir.
Ýurdumyzda sporty ösdürmekde alnyp barylýan işleriň özeninde ýaş nesilleri sagdyn ruhda terbiýelemäge we olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmaga, köpçülikleýin sport-sagaldyş hereketlerini kämilleşdirmäge, milli sport ulgamyny dünýä derejesine ýetirmäge gönükdirilen giň gerimli işler bar. Adamyň berdaşly bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, arassa howada gezelenç etmegi we sport bilen meşgullanmagy zerurdyr. Sport ynsanyň beden berkligine we ruhy kämilligine uly täsir edýär. Onuň bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň ömrüniň uzak bolandygy, işde we durmuşda uly-uly üstünlikler gazanýandygy mälimdir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamlara ähli döwürde boş wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.
Türkmen sportunyň halkara derejesindäki abraýyny has-da belende galdyrýan, halkymyzyň sagdyn durmuşy ugrunda asylly maksatlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Aýsoltan Öwezowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň hünärmeni.