logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Sport-sagdynlygyň, ruhy belentligiň ak ýoly
  05.11.2021
869
Sport-sagdynlygyň, ruhy belentligiň ak ýoly

Her bir dogýan gününi, nurana säherini uly ýeňişlere besleýän edermen türkmen halkymyz bu günki gün dünýäniň ençeme döwletleriniň arasynda uly at-abraýa, hormat-sarpa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jebis halkymyzyň arkasynda duran Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan döwletimizi gülletmekde, onuň sport abraýyny belende götermekde uly işleri durmuş ýüzüne ornaşdyrýar. Bu günki “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda hem türkmen sportunda hem ýetilen beýik derejeler üstünlikler sanardan has-da artyk bolup durýar. Iri-iri sport ýaryşlarynyň giçirilýän mesgeni bolan ata Watanymyz Türkmenistanda dost-doganlyk döwletlerimizden birnäçe türgenler gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Edermen gaýduwsuz türkmen türgenleri hem iri-iri sport ýaryşlaryna gatnaşyp türkmeniň ýaşyl tuguny belende galdyrmakda uly işleri bitirýärler. Ynha şol edermen türkmen türgenleriniň hatarynda zenan türgenimiz Ýulduz Jumabaýewany mysal getirmek bolar. Ýulduz Jumabaýewa sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 2021-nji “Türkmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda dünýäniň ençeme türgenleriniň arasyndan saýlanyp dünýäniň çempiony adyna mynasyp boldy. Bu uly sarpa bu uly hormata ýetmegiň aňyrsynda hem türkmeniň gaýduwsuzlygy bar. Türkmen türgenlerine şeýle uly-uly halkara bäsleşiklerine, ýaryşlaryna gatnaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär.