logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY
  04.01.2023
1256
SPORT – SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Saglyk — ynsanyň depesindäki altyn täçdir. Ol ynsan üçin iň gymmatly baýlykdyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek abadan hem asuda durmuşda ýaşamagyň açarydyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bagly başyny başlan asylly tutumlary Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy bolan adamyň saglygyny goramak babatda yzygiderli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Soňky ýyllarda dün¬ýä ölçeglerine laýyk gelýän köp sanly sport, beden-terbiýe-sagaldyş merkezleri, sport desgalary gurlup, olarda bagtyýar raýatlarymyzyň we ýaşlaryň gatnaşmagynda dürli ýaryşlar we beýleki çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Köpetdagyň dag gerişlerinden uzalyp gidýän Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş yzygider guralýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde medeni-sport çäreleri geçirilýär we oňa ýaşlaryň uly topary çekilýär. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda ýaşlaryň sportuň dürli görnüşi bilen meşgullanmagyna, beden saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda eziz ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni has hem ösdürmäge, sport medeniýetini galkyndyrmaga we dünýä ýüzüne türkmen sportuny ýaýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Diýarymyzda sport bilen meşgullanmak üçin hem ähli şertler döredilen. Çünki biziň eziz Diýarymyzda ynsan saglygyny goramak, olaryň abadan hem asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi ähli zatdan ýokarda goýulýar we döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaşlarda sporta bolan höwesi has-da artdyryp, täze-täze sport üstünliklerine ruhlandyrýar.

Biz ýaşlara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz ýürekdendir! 

 

Gülruh BEKIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.