logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Sports /Sport – sagdynlygyň gözbaşy
  21.12.2022
987
Sport – sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport derejesi hem ýokary galýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap desgalary, mekdepleri, sport meýdançalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda sagdynlygyň we bagtyýarlygyň sakasy bolan sport bilen meşgullanmak sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek esasy ýörelgämize öwrüldi.

Ýurdumyzda raýatlaryň, esasan hem, ýaş nesliň sporta höwesiniň artmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bedenterbiýe bilen sportuň adamyň beden saglygyna, şol sanda ruhy ýagdaýyna edýän täsiri uludyr. Sport adamyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar, beden agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şol sanda adamda ýeňişlere bolan erki, özüne ynamlylygy, maksada okgunlylygy terbiýeleýär, ünslüligi, çydamlylygy taplaýar. Sport bilen meşgullanýan adam bir-birege bolan hormatyň, özara dostlugyň, agzybirligiň gadyryny bilýär. Türgenlerdir tälimçiler, sport ulgamynyň işjeňleri dünýäde parahatçylyga, asudalyga bolan ymtylyşy ýaýbaňlandyrýan, köpçüligiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagynda görelde görkezýän adamlardyr.

Sport sagdyn durmuşyň binýady bolup, ýaşlaryň ruhubelent, maksada okgunly, başarjaň kemala gelmegine täsir edýän ulgamdyr. Munuň üçin, bilim maksatnamalarynda bedenterbiýe sapagynyň bolmagy, ýurdumyzda okuwçy ýaşlaryň sagdynlygyny üpjün etmek babatynda edilýän aladanyň şöhlelenmesidir. Bu gün ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýurdumyzyň çäklerindäki bäsleşiklere we dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, ýokary netijelere eýe bolýarlar. Ýeňijiniň münberine çykan türgenlerimizi görenimizde, olaryň gazanan üstünliklerine buýsanyp, ýurdumyzda sportuň kämil derejelere eýe bolýandygyna guwanýarys.

Goý, türkmen sportuny dünýäde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! 

 

Jennet AHMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.