logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Sport - sagdynlygyň gözbaşy
  08.11.2022
875
Sport - sagdynlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy we saýlap alan ugurlarynda kämilleşmegi babatda ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Ajaýyp döwrümizde özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan ýaşlar dürli ugurlarda kämilligiň basgançaklaryndan barha belende galyp, gazanýan üstünlikleri bilen ildeşlerimizi begendirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sporty giňden ösdürmek we ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesi babatynda möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzyň berk bedenli, sagdyn we giň dünýägaraýyşly bolmaklary ugrunda ähli şertler herekete getirilýär. Çünki sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň hem-de täze belentliklere ruhy taýdan okgunlylygyň guralydyr. Sagdyn türkmen jemgyýetini kemala getirmekde, sagdyn nesilleri terbiýelemekde onuň ygtybarly serişdesiniň bedenterbiýe maşklardygyny bellemek gerek. Şol mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly alyp barýan mugallymçylyk hünärimizde örän uly şertleriň, mümkinçilikleriň hormatly Prezidentimiz tarapyndan döredilendigini buýsanç bilen bellemelidiris.

Sportuň halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm ugrydygy asyrlaryň subut eden hakykatydyr. Ine, şu ajaýyp hakykatyň miwesi bolsa hormatly Prezidentimiziň dünýäde dabaralanýan sport syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň dünýä derejesinde sporty ösdürmegiň, şunuň bilen baglylykda hem, sagdyn durmuş ýörelgesini we ekologiýa syýasatyny wagyz etmegiň ýolundaky ähmiýetli başlangyçlary bu gün uly üstünliklere beslenýär.

Sportda ajaýyp üstünlikler gazanmaga ähli şertleri döredip berýän, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da pugtalandyrmagyň ýolunda beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun! 

 

Humaý BEGLIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.