Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Sport /Sport sagdynlygyň göz başy!
  19.04.2021
656
Sport sagdynlygyň göz başy!

      Ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek bilen bagly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda saglygy goraýyş ulgamyna degişli binalaryň we sport desgalarynyň gurluşygy barha giň gerim alýar.

    Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ösdürilmegine, sportuň goldanylmagyna we ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga we sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimiziň gündelik durmuşyna içgin ornaşdyrmaga, esasan hem, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen wezipeler öz beýanyny tapýar. Onuň esasynda çagalyk döwründen başlap, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, türkmen jemgyýetinde işjeň ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmek wezipeleri bellenilýär.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatda döwlet tarapyndan anyk işler durmuşa geçirilýär. Ýaş raýatlarda bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak, ýaşlaryň gatnaşmagynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesini ösdürmek sport syýasatynyň esasyny düzýär. Görnüşi ýaly, bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly orun degişlidir. Ýaş türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegi üçin uly tagallalar edilýär. Döwrebap stadionlar, sport merkezleri we oýun meýdançalary yzygiderli ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny düýpli özgertmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşlaryny sporta giňden çekmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we olimpiýa hereketleriniň üsti bilen sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaşlaryň arasynda has-da ýaýbaňlandyrmak, döwletimiziň sport we ýaşlar babatdaky syýasatyny utgaşykly alyp barmak hem-de watançy, ugurtapyjy, zähmetsöýer, ýokary medeniýetli ýaşlary ýetişdirmek babatda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sport ugrunda amal edilýän işler halkymyzyň buýsanjyny artdyryp, sport janköýerleriniň şatlygyna şatlyk goşýar, gujur-gaýratly ýaşlarymyzyň sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar, ussat tälimçilerimizi we türgenlerimizi täze üstünliklere höweslendirýär.

Sport-saglygyň girewi. Onuň bilen meşgullanýan, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli berjaý edýän adamlaryň jany sagat bolýar, iş öndürijiligide artýar. Gyzykly we sagdyn durmuşda ýaşamaga bolan ymtylyş, öňe hereket etmek, täze sepgitlere ýetmäge bolan höwes-bularyň ählisi sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksady hem netijesidir.