logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Sport-sagaldyş çäresi
  25.04.2021
1075
Sport-sagaldyş çäresi

     Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde giň göwrümli sport-sagaldyş çäresi geçirildi. Etrap häkimligi, etrabyň jemgyýetilik guramalarynyň hem-de etrabyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen çäre “Sagdyn durmuş ýörelgelerine uýup maşk edeliň, bedenimiz taplansyn!” diýlip atlandyryldy.

      Bilim işgärleriniň, türgenleriň we jemgyýetilik guramalarynyň işeňňir agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen sport-sagaldyş çäresi beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Soňra çärä gatnaşyjylar türgenleşik zallarynda bolup, döwrebap enjamlaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalandylar, işjeň türgenleşik geçdiler.

Sport-sagaldyş çäresi ýeňil atletika we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryşlar bilen dowam etdi. Ýeňil atletikanyň 100; 200 metr aralyga ylgamak, uzynlygyna bökmek görnüşleri boýunça ýaryşa toparlaryň ählisi hem taýýarlykly gelendigini aýdyňlygy bilen görkezdiler. Ýaryşyň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýörite sowgatlary bilen sylaglandy.