Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Somatoform bozulmalar we olaryň dartgynlylyk bilen baglanşygy ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” - durnukly we bagtyýar geljegiň kepili ✦ ✦ Nanotehnologiýalaryň lukmaçylykda ähmiýeti ✦ ✦ Bitaraplyk — Parahatçylygyň Binýady ✦ ✦ Magtymguly Pyragy – beýik akyldar ✦ ✦ Daşary ýurt Hukuk diplomlary üçin täze talaplar we üýtgeşmeler ✦ ✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Sport /Sport - parahatçylygyň ilçisi
  06.05.2024
386
Sport - parahatçylygyň ilçisi

Sport diplomatiýasy we halkara sport gatnaşyklary iň täze netijeli ugurlaryň hatarynda durýar. Ýurdumyz bu ugurda özboluşly ýoly saýlap aldy. Halkara giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň ilçisi bolan sport diplomatiýasy döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Bu ulgamy ösdürmekde «Türkmenistanda 2011-2020-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de goldamak baradaky Milli maksatnamasy» üstünlikli alama aşyrylýar. 

 

Gahryman Arkadagymyzyň  belleýşi ýaly: «Sport hemmeler üçindir we her bir adam üçindir!  Sebäbi sport diňe bir beden taýdan kämilleşmek däl, eýsem, ruhubelentligiň we öz-özüňi ýüze çykarmagyň erkinligidir! Munuň özi açyşlaryň we ýeňişleriň, täze  mümkinçilikleriň hem-de has ýokary maksatlaryň doly şatlygy bolan tutuş dünýädir!». Berkarar döwletiň täze eýýamnyň Galkynyşy döwründe sport diplomatiýasy uly ösüşleri, ýokary sepgitleri nazarlap barýar. Ine, şonuň üçin hem Sport diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini artdyrmak we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen degişli ugruň daşary ýurtly hünärmenleri, halkara bilermenler bilen netijeli hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat indi halkara ýaryşlarynyň we bäsleşikleriň geçirilýän, çempionatlary kabul edýän iri sport merkezine öwrüldi.  Ýurdumyzda sport diplomatiýasynyň köp ugurly geljegi göz öňünde tutulyp, birnäçe maksatlar işlenilip düzüldi. 

 

Ýurdumyzyň sport ulgamynyň berk binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bu möhüm wezipeler sporta berilýän ünsüň ýokarydygynyň,  ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ruhubelent  bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň artdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

 

Ahmet MUHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.