Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bulut hasaplaýyş tehnologiýalary IT ulgamynda täze mümkinçilikleriň açary ✦ ✦ Hemişelik Bitaraplyk — dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýörelgesi ✦ ✦ Innowasiýa meýdanynda ýaşlaryň IT mümkinçilikleriniň giňelmegi ✦ ✦ Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň täze ugurlary ✦ ✦ Sanly bilim ulgamy: ýaş nesliň döwrebap ylmy-tehniki düşünjesini ösdürmegiň guraly ✦ ✦ Sanly ykdysadyýetiň ösüşinde emeli aňyň orny ✦ ✦ CIET 2025 iri kompaniýalary bir ýere jemlär ✦ ✦ Aktauda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Seulda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Milli manat — ykdysadyýetiň nyşany ✦
Baş sahypa / Sport /Sport oýunlary barada...
  12.04.2023
1142
Sport oýunlary barada...

- Sportuň boks görnüşi 1900-njy ýylda sport görnüşi hökmünde girizildi.

- Häzirki wagtda ýer ýüzünde meşhur bolan bouling sportunyň dörän ýeri Germaniýa hasaplanylýar.

- Halkara Olimpiýa komitetiniň kabul eden ülňülerine laýyklykda howuzlardaky suwuň temperaturasy 27-28 dereje bolmaly.

- Küşt oýnunyň taryhy 1500 ýyldan hem köpräk bolup, ilkinji küşt oýny boýunça halkara ýaryşlar IX-X asyrlarda geçirilipdir.

- Olimpiýa oýunlarynyň hokkeý üçin niýetlenen meýdançasynyň emeli gök reňki ilkinji gezek 2012-nji ýylda Londonda geçirilen oýunlarda ulanylypdyr. 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen oýunlarda bolsa ýaşyl meýdanda hokkeý oýnalypdyr.

- Sambo söweşi XX asyryň başynda döräp, ol halkara derejesinde 60-njy ýyllarda meşhur boldy.

- 1964-nji ýylda olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşulan sportuň dzýudo görnüşi XVI asyrda Ýaponiýada dörän we XIX asyrda ussat D.Kano tarapyndan kämilleşdirilen söweş sungatydyr.

- Sportuň kuraş göreşi 1990-njy ýyllarda esaslandyryldy. 2003-nji ýylda bolsa sportuň bu görnüşi Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi tarapyndan  resmi taýdan ykrar edildi.

- Meşhur basketbol oýnunyň watany ABŞ bolup, «basket - tor we ball -top diýen sözlerden emele gelendir. Bu oýun Olimpiýa maksatnamasyna ilkinji gezek 1936-njy ýylda Berlin oýunlarynda girizildi.

- Meşhur fizik Nils Bor Daniýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi bolupdyr.

- 2002-nji ýylda guşakly göreş boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirildi.

- Ilkinji Olimpiýa oýunlarynda marafonyň uzynlygy 40-dan 42,75 km aralygynda üýtgeýärdi.  Häzirki standart 42 kilometr 195 metr, 1908-nji ýyldaky London oýunlarynyň aralygynda kesgitlenildi.

- Atly sport konkur  atçylyk sportunyň has gyzykly görnüşleriniň biridir. Ol Fransiýada XIX asyryň ortalarynda döredilipdir. 1900-nji ýylda konkur sporty Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilipdir.

- Sportuň käbir görnüşleri tötänleýin ýüze çykypdyr. Mysal üçin, golf irki wagtda şotlandiýalylaryň tegelek daşjagazlary taýak bilen towşan hinlerine urgy arkaly salmaklary ýaly güýmenjesi netijesinde döredi. 

 

Bagtyýar DAGDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.