logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Sport hakynda gyzykly faktlar
  11.07.2022
2256
Sport hakynda gyzykly faktlar

  • Uly ýaşdakylar üçin tennis, suwda ýüzmek we welosiped sürmeklik iň peýdaly sport görnüşleridir.
  • Küştdäki ilkinji on ädimde oýnamagyň 170* ýoly bar.
  • Meşhur fizik Nils Bor Daniýanyň milli ýygyndysynyň derwezeçisi bolupdyr.
  • Boks diňe 1900-njy ýylda sport görnüşi hökmünde girizildi.
  • Gimnastikaçylaryň ellerine goýýan ak külkesi magneziýa tozudyr. Ol eldäki çyglylygy aýyrýar, süýşmegi aňsatlaşdyrýar.
  • Halkara Olimpiýa komitetiniň kabul eden ülňülerine laýyklykda howuzlardaky suwuň temperaturasy 27-28 dereje bolmaly.
  • Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň ählisine gatnaşan ýeke-täk ýurt Braziliýadyr.
  • Olimpiýa oýunlarynyň hokkeý üçin niýetlenen meýdançasy emeli gök reňkli otlar bilen örtülen. Bu reňk ilkinji gezek 2012-nji ýylda Londonda geçirilen oýunlarda ulanyldy. Çünki gök reňk tomaşaçylar, eminler, türgenler üçin sary reňkli topy tapawutlandyrmakda oňaýly hasaplanypdyr. 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen oýunlarda bolsa ýaşyl meýdanda ak top ulanylypdyr.
  • Sport sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi bolup, ol depressiýanyň, süýji keseliniň, insultyň öňüni almaga ýardam edýär.
  • Professional woleýbol oýunçysy tarapyndan urgy edilen pökgi sagatda 130 km tizlikde uçup bilýär. Hokkeý pökgüsi bolsa sagatda 160 km tizlik alýar.
  • Dünýäniň iň uzyn boýly basketbolçysy hytaýly Sun Munmin bolup, boýy 236 sm, agramy 152 kg deň.
  • Sportuň dzýudo görnüşi XVI asyrda Ýaponiýada dörän we XIX asyrda ussat D.Kano tarapyndan kämilleşdirilen söweş sungatydyr. Ol 1964-nji ýylda olimpiýa oýunlarynyň hataryna goşuldy.
  • Stenli kubogynyň ýeňijilerine kubogyň nusgasy gowşurylyp, onuň asyl nusgasy Toronto hokkeý zalynda saklanylýar.
  • Kinomatografiýada iň meşhur sport görnüşi – boksdyr.
  • Milli çempionatda ýeňiji bolan iň ýaş türgen ýamaýkaly J.Fosterdir. 1958-nji ýylda geçen şol ýaryşda ol 8 ýaşynda eken.
  • Näme üçin tennisde hasap 15, 30 we 40? Ilkibaşda hasaplaýyş ulgamy el sagatlaryň ýagdaýy bilen baglydy, ýagny çärýekdäki nokatlary 15 minut, 30, 45 we 60 bolupdyr. Soňra XIX asyrda Fransiýada tennisiň ösmegi bilen 45 belgisi 40 bilen çalşyrylypdyr.

Babajan Abdullaýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy