logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Sports /SPORT – DOST-DOGANLYGYŇ ILÇISI
  05.04.2023
909
SPORT – DOST-DOGANLYGYŇ ILÇISI

Eziz Watanymyzda beden taýdan sagdyn, ruhubelent ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin bar bolan maddy-tehniki binýady netijeli peýdalanmak, oňa aýratyn hem ýaşlary çekmegi giňeltmek, geçirilýän halkara ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edip, öz ýeňişleri bilen onuň abraýyny we şöhratyny ýokary götermeklige goşant goşjak türgenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Diňe bir welaýat merkezlerinde däl, eýsem, ähli şäherlerde, etraplarda we obalarda doly enjamlaşdyrylan, ýanaşyk ýerleri döwrebap abadanlaşdyrylan stadionlar, sport toplumlary, sport mekdepleri, sagaldyş we dynç alyş meýdançalary gurlup ulanmaga berilýär. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilmegi halkymyzyň saglygynyň döwletimiziň milli baýlygyna deňelýändigine güwä geçýär. Häzirki zaman sport ulgamlarynyň döredilmegi we ata Watanymyzyň bütin dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegi hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda bu ugurda gazanylýan uly üstünligidir, abraý-mertebesidir. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýaşlaryň ünsüni sporta çekmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegi, ýaşlarymyzyň sagdyn-durmuş ýörelgelerine eýerip, ruhubelent adamlar bolup ýetişmegi ugrunda amala aşyrylýan işlere sazlaşykly çemeleşmek maksady bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň ählisi ösen sport ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyryldy. Eziz ýurdumyzda ýylyň-ýylyna badalga berilýän sport çäreleriniň çäklerinde köp sanly sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän wagyz-nesihat duşuşyklary, sport ýaryşlary yzygiderli guralýar. Ähli bilim ojaklarynda netijeli häsiýete eýe bolan bedenterbiýe maşklarynyň geçirilmegi, ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri hem-de olaryň inçe syrlary bilen tanyşmaklary, olaryň nazary we tejribe esaslarynyň giňişleýin öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi, ýaşlaryň sporta bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle hem sport äleminde türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri ýylyň-ýylyna artýar. Ýaşlaryň sport äleminde ýetýän sepgitleriniň barha ýokarlanyp, oňyn netijeler bilen eziz watandaşlarymyzy guwandyrmagy Arkadagly Serdarymyzyň ýola goýýan sport syýasatynyň barha rowaçlanyp, uly üstünliklere eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem, her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä Saglyk güni bilen ähli watandaşlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy hem-de Arkadagly Serdarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! 

 

Leýla MEREDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.