Sport - sagdynlygyň gözbaşy. Sport – ynsanyň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşynyň kepili. Alymlaryň bellemeklerine görä sport bilen yzygiderli meşgullanýan her bir adam diňe bir fiziki taýdan däl, eýsem ruhy taýdan hem sagdyn bolýar. Her bir ynsanyň zähmet önümçiliginiň netijeliligi üçin akyl zähmeti bilen fiziki zähmeti gezekleşdirip durmagy zerur bolup durýar.
Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem sport syýasatydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň beden hem ruhy taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigini gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýatlarymyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport mekdepleri, döwrebap stadionlar , bedenterbiýe we sagaldyş toplumlary muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Edilýän işler miwesini hem berýär. Ýurdumyzyň birnäçe sport ussatlary döwlet derejesinde geçirilýän sport bäsleşiklerinde we halkara ýaryşlarda ýokary netijleri gazanýarlar. Ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Halkara hokkeý ýaryşynda «Galkan» toparynyň ajaýyp netije görkezip ýeňiji bolmaklygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Sport diplomatiýasy häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy berkitmekde we halklary dostlaşdyrmakda möhüm gural hökmünde hyzmat edýär. Sport halklary birleşdirýän köprüdir. Sport parahatçylyk guralydyr. Biziň ata Watanymyz Türkmenistan hem sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen döwletdir. 2017-nji ýylyň 17-27-nji sentýabrynda Aşgabatda «Sagdynlyk.Ruhubelentlik.Dostluk» şygary astynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda «Amul-Hazar 2018» awtorallisi, Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi Bitarap Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň türkmeni halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda sportuň, sagdynlygyň we parahatçylygyň mekanyna öwrülendigini doly aýdyňlygy bilen subut edýär.
Halmyrat JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň,
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.