logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Sports /Sport bäsleşikleri
  03.03.2020
1384
Sport bäsleşikleri

   Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport bäsleşikleri geçirildi. Welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň,  “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa welaýatyň etrapdyr Tejen şäherinden türgenler gatnaşdy.

         Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak,  ildeşlerimizi köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak  hem-de güýçlileri ýüze çykarmak  maksady bilen geçirilen ýaryşlarda türgenler kiçi futbol, woleýbol, basketbol, küşt, stol üstünde oýnalýan tennis, uly tennis, ýeňil atletika, türkmen milli göreşi ýaly şörnüşler boýunça şahşy we toparlaýyn ukyp-başarnygyny görkezdiler.

         Bäsleşigiň netijesinde kiçi futbolda Ak bugdaý etrabynyň, woleýbolda Gökdepe etrabynyň, basketbolda Tejen etrabynyň, küştde Bäherden etrabynyň, stol üstünde oýnalýan tennisde Ak bugdaý etrabynyň, uly tennisde Tejen etrabynyň, ýeňil atletikada Ak bugdaý etrabynyň, türkmen milli göreşi görnüşinde Ak bugdaý etrabynyň toparlary  üstün çykdylar hem-de döwlet derejesindäki jemleýji ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar.