logo

Latest news:
✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦
Home / Sports /Sport bäsleşigi geçirildi
  10.02.2023
1410
Sport bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni barha rowaçlyklara beslenýär. Ata Watanymyz eziz Türkmenistan dünýä ýüzünde sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekany hökmünde giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmekde alyp barýan syýasatyndan ugur alyp «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly  mynasybetli Tejen etrabynyň Altyn asyr şäheriniň sport mekdebinde sportuň küşt, şaşka, görnüşleri boýunça okuwçy gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi.

TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşiniň, hem-de Tejen etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşige etrabyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar. Bu ýaryşyň esasy maksady  ösüp gelýän ýaş neslimiziň arasynda sportuň bu görnüşlerini ýaýbaňlandyrmakdan, türgenleriň ussatlyklaryny artdyrmakdan, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekden ybarat boldy.

Ýaryşa gyzlaryň erjellik bilen gatnaşmagy ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda sportuň dürli görnüşlerine uly ünsüň berilýändiginiň, eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň has-da ýaýbaňlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu ýaryş erjelleri öňe saýlady. Gyzgalaňly geçen ýaryşda etrabyň 9-njy orta mekdebiniň «Rowaçlyk» topary birinji orna, 1-nji orta mekdebiniň «Bitaraplyk» topary ikinji, 18-nji orta mekdebiniň «Garaşsyzlyk» topary bolsa 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Öňdebaryjy ýaşlara  TMÝG-niň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi sporty hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän işleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Kuwwat ÖWEZDURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky 
Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň 
guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.