logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Sports /Sport-bagta ýetirýär
  13.12.2021
847
Sport-bagta ýetirýär

Sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler, türgenlerimiziň gazanýan halkara üstünlikleri sanardan juda köp. Bu sözleriň aýdyň subutnamasy hökmünde Ýer ýüzüniň iri sport ýaryşlarynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýän ýaş türkmen türgenleriniň ençemesiniň gazanan üstünliklerini agzamak bolar.  Soňky ýyllarda işjeň syýasy, işewür, medeni we jemgyýetçilik durmuşynyň jemlenen ýeri bolan Aşgabat eziz Diýarymyzyň baş şäheri diýen belent derejesine laýyklykda, dünýä sportunyň iri merkezine hem öwrüldi. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda täzeçil şähergurluşyk strategiýasynyň netijesinde ýokary halkara ölçeglerine laýyk derejede enjamlaşdyrylan sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri yzygiderli guruldy, olar dünýäniň täze çempionlaryny terbiýelemäge hem-de Olimpiýa ätiýaçlygynyň kemala getirilmegine ýardam berýär.

Häzir dünýäde sport — halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm düzüm bölegi, ussatlygy bilen olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryny tassyklaýan türgenler bolsa parahatçylygyň ilçileri hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de, halkara derejeli ökde türkmen türgenlerini, ussat tälimçileri we beýleki ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak Ýurdumyzda tassyklanylan «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we beýleki döwlet maksatnamalarynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi.  

Sport ulgamynyň binýadyny berkitmek barada edilýän tagallalaryň netijesinde, her ýyl ýaşlaryň uly topary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna okuwa kabul edilip, olara dünýäniň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň tejribesine laýyklykda bilim berilýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlan uçurymlar ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki sport mekdepleridir toplumlarynda zähmet çekmäge iberilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sport görnüşleri boýunça milli ýygyndylaryň düzüminde çykyş edýän türgenlerdir tälimçileriň hem aglabasy ýokary okuw mekdebimiziň talyplary we uçurymlarydyr.

Ýaş türgenlerimiz sportuň welosport we awtosport, hokkeý, nyşana ok atmak, atçylyk woleýbol, futbol ýaly ençeme sport görnüşlerinde-de iň ýokary netijeleri görkezmek bilen, ýurdumyzy dünýä ýüzünde tanatdylar  .