Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) bilelikde söwda amallaryny sanlylaşdyrmak boýunça iki günlük maslahat geçirdi.
Bu maslahat «Türkmenistanyň söwda mümkinçiligini güýçlendirmek, II tapgyr» atly dowam edýän bilelikdäki taslamanyň çäginde alnyp baryldy.
Halkara bilermen Anait Smbatýan maslahata gatnaşyjylary bäsleşikli gurşawda söwdany ösdürmek üçin zerur bolan gurallar şeýle-de köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde söwdanyň erkin bazar gurşawyndaky usullary bilen içgin tanyşdyrdy.
Şunuň bilen baglylykda, A.Smbatýan çykyşynda halkara söwdanyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döredilen «eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ulanmak arkaly sadalaşdyryp biljekdigi barada belläp geçdi.
Maslahata gatnaşanlar Bütindünýä söwda guramasynyň söwdany kadalaşdyrmakda we halkara söwdanyň ösmeginde eýeleýän orny bilen tanyş boldular.
Şasoltan ATAJANOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.