logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / In the world /Şokolad bahalarynyň bütin dünýäde ýokarlanmagyna garaşylýar
  17.03.2024
519
Şokolad bahalarynyň bütin dünýäde ýokarlanmagyna garaşylýar

Pildişi kenaryndaky we Ganadaky iri kakao zawodlary tohum çykdajylaryny alyp bilmeýändigi sebäpli önümçiligi azaltmak ýa-da bes etmek kararyna geldi. Dünýädäki kakao önümçiliginiň 60 göterimine golaýyny özünde jemleýän iki ýurtdan gelen habardan soň, bütin dünýäde şokoladyň bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagyna garaşylýar.

 

Soňky üç ýylda howa şertleri sebäpli kakao hasylynyň azalmagy şokolad öndürijilerini bahalary ýokarlandyrmaga iterdi. Önümçiligiň 4-nji ýyla çenli uzalmagy bilen ýagdaý hasam erbetleşer diýlip çaklanylýar. 

 

"Reuters" habar gullugynyň habar bermegine görä, kakao bahasy geçen ýyl iki esse artdy. Tropiki gözleg merkezinden kakao hünärmeni Stiw Wateridge "Üpjünçiligiň kesilmegine garşy göreşmek üçin çynlakaý islegiň azalmagy zerur" - diýip belläp geçdi. 

 

Öndürijiler diňe çig kakao ulanyp, şokolad öndürip bilmeýärler. Munuň ýerine tohumlary gaýtadan işlemeli we ýag almaly şeýle-de suwuk görnüşe öwürmeli. Şeýle-de bolsa, tohum bahalarynyň ýokarlanmagy bu prosesi edýänleri yza galdyrdy. 

 

Pildişi kenaryndaky 9 esasy zawodyň biri bolan Transcao, bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli tohum satyn almagy bes edendigini habar berdi. Hünärmenler, dünýädäki kakao zerurlyklarynyň ýarysyna golaýyny kanagatlandyrýan ýurtdaky döwlet tarapyndan dolandyrylýan zawodlarda önümçiligiň togtadyljakdygyny aýdýarlar. 

 

Kakao öndüriji ýurt bolan Ganada 8 zawodyň köpüsiniň ekişden bäri işleriň ýygy-ýygydan kesilendigi habary berildi. Halkara Kakao Guramasy (ICCO) global önümçiligiň şu ýyl 10,9 göterim azalmagyna we 4,45 million tonna çenli peselmegine garaşýar.

 

Läle KAKAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.