Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦ ✦ Mugallymlar häzirki zaman pedagogikasyny öwrenýär ✦ ✦ “Kids Expo 2024”: Türkmen wekiliýeti halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär ✦ ✦ Täze bilim sebitlerinde hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen talyplarynyň Halkara taslama bäsleşiklerinde üstünligi ✦ ✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Şöhrada beslenen Ýollar
  08.04.2020
754
Şöhrada beslenen Ýollar

     1941-1945 ýyllarda bolup geçen Beýik Watançylyk söweşine gatnaşan merdana ýigitlerimiz eziz atalarymyz, agalarymyz az däldir. Şolaryň biri hem bize geçen ýoly görelde mekdebi bolup hyzmat edýän ýaşulylaryň biri hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasynyň ýaşaýjysy, uruş weterany hormatly il ýaşulysy, ”Watana bolan söýgüsi üçin“medalynyň eýesi Şyhy Döwletowdyr. 1926-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasynda dünýä inýär.1933-nji ýylda obadaky orta mekdebe gadam basýar 1940-njy ýylda hem orta mekdebi üstünlikli tamamlap, oba ýerinde ekarançylyk bilen meşgullanýar.

     1941-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy ýaňy başlanan wagty ol meýletin urşa gitmäge arza berse hem onuň ýaşynyň ýetmeýändigi sebäpli, onuň ýazan arzasy göz öňünde tutulman galýar. Şeýdibem Şyhy aga ömrüniň ýaş ýetginjeklik ýyllarynda kalhozyň dürli ekin meýdanlarynda ondan boş wagtlary hem öý işleri bilen meşgullanýar. 1944-nji ýylda 18 ýaşyny dolduran Şyhy Döwletow meýletin urşa gidýär. Olary ilki bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde 3 aýa golaý okadylyp olary şöweşe taýýarlaýarlar. 1944-nji ýylyň sentýabr aýynda “atyjy” wezipesinde Ukraina döwletinde söweşe girişýärler.

     Şyhy aganyň öz gürrüňlerine ser salsak ol söweşiň nähili agyr geçendigini gaty aýylganç suratlandyrdy we urşuň soňunda bolan wakany bozulma bilen ýatlady.

       “Meniň bilen bile söweşýän egindeş ýoldaşymy 1945-nji ýylyň 8-nji maýy güni öz egindeş obadaşy Ýalawaç obasynyň ýaşaýjysy mergen Meret Annanyýazow bilen bilelikde obadaşlary hakynda gürrüň edip ünssüz ýöräp gelýärkäler köne jaýyň üçeginden duşmanyň ganym okynyň pidasy boldy. Biziň ýoldaşlarymyz tarapyndan atylan granatlar duşmanyň gizlenip ýatan jaýyny külpeýkun etsegem ýoldaşymyz Meret Annanyýazowy elden giderdik”, diýip çygjaran gözlerini süpürdi. Şondan az wagt geçensoň Şyhy aganyň özi hem guralan soňky söweşleriň birinde zyňylan granadyň gyýçaklarynyň täsiri esasynda agyr ýaralanyp lukmançylyk ýerinde bejergi alýar. Bu waka Germaniýanyň Ýyglawa şäherinde bolupdur. Uruş gutarandan soň 33 gün pyýada ýol ýöräp Wengriýa şäherine barypdyrlar we şol ýerde 1 ýyl gullugyny dowam edipdir. Ýene-de bir bellemeli zatlaryň biri şol döwürde näçe köp ýol ýöreselerde her 10 km geçenlerinden soň arkesdiriň sazlary esasynda ýadowlygymyz aýrylýardy diýip gürrüň berdi. Şondan soň Wengriýa şäherinde 1 ýyl gullugyny tamamlap 1946-njy ýylyň sentýabr aýynda Paýtagtymyz Aşgabada gelýär we öýlerine dolanýar. Soňra durmuş ýolunda bilimini artdyrmak maksady bilen Baýramaly şäherinde Weterinar ugryndan 1967-1972-nji ýyllarda okuw okapdyr. Okuwyny ustünlikli tamamlap kalhozda ammar başlygy bolup işläpdir. 2006-njy ýyldan 2015-nji ýyllar aralygynda Sarahs etrabynda uruş weteranlaryň geňeşiniň başlygy bolupdyr.

      Biz Şyhy agadan Sarahs etraby boýunça näçe uruş weteranynyň bardygyny soranymyzda Şyhy aga şeýle jogap berdi. “Sarahs etraby boýunça jemi 1500 adam fronta gidipdi, şondan geleni 524 adam häzir şondan diňe 2 adam biziň aramyzda” diýip pessaýy jogap berdi.

      Şyhy aganyň maşgala ýagdaýyndan söz açsak diýseň döwletli maşgala, häzir onuň 4 ogly 40 agtygy 30 çowlugy 8 sany ýuwlugy bar.