logo

Latest news:
✦ Medeniýet hepdeligi: galkynyşyň we ösüşiň baýramy ✦ ✦ Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlady ✦ ✦ Ahalteke bedewleri — türkmen halkynyň buýsanjy ✦ ✦ Täze ylalaşyklar türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar ✦ ✦ Türkmenistan-Malaýziýa forumynda energiýa hyzmatdaşlygy üns merkezinde ✦ ✦ Anwar Ibrahim Aşgabatda Malaýziýanyň diasporasy bilen duşuşdy ✦ ✦ Gadymyýetden gözbaş alýan sungat ✦ ✦ Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň ylmy üstünlikleri ✦ ✦ Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Azerbaýjan Respublikasynda halkara maslahat geçirildi ✦
Home / Science and Education /Shadyyan basleshik
  02.08.2019
1239
Shadyyan basleshik

     Şu günler Gökdere jülgesinde ýerleşýän Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky “Bagtyýar nesiller” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde tomusky möwsümiň üçünji tapgyry dowam edýär. Ýaş nesliň her gününiň şatlykly we ýatda galyjy bolmagynda ol ýerde geçirilýän  sport ýaryşlarydyr bäsleşikleriň ähmiýeti uludyr.   Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölümi tarapyndan ol ýerde geçirilen bäsleşik örän täsirli boldy. Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň wekilleri çykyş edip, özleriniň alyp barýan işleri hakynda täsirli gürrüň berdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ynsanperwerlik, bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik ýaly ýörelgelere laýyklykda hereket edýär hem-de meýletinçileriň arasynda birnäçe çäreleri guraýar. Adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegiň düzgünleri boýunça okuwlardyr  bäsleşikler hem yzygiderli guraýar. Ýaş meýletinçileriň şeýle çärelere işjeň we höwesli gatnaşýar. Dabarada bäsleşige gatnaşyjylara üstünlik arzuw edildi. Soňra merkezde dynç alýan çagalaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar boldy, sagdyn durmuş ýörelgelerini açyp görkezýän tomaşalara orun berildi. Merkeziň giň çäginiň ýörite bellenilen ýerinde  ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnan bäsleşigiň ýaýbaňlandyrylmagy we olara çagalardan düzülen toparlaryň işjeň  gatnaşmagy aýratyn ünsi çekiji boldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda çadyr gurnamak boýunça geçirilen bu bäsleşikde çagalar ukyp-başarnygyny, çalasynlygyny açyp görkezdi.  Onda çagalara çadyr gurnamak boýunça ýörite wagt berildi.  Olar şol wagtyň dowamynda  degişli düzgünlere we talaplara laýyklykda çagyr gurnadylar. Onuň dowamynda  çadyry çalt we talabalaýyk gurnamakda tapawutlanan toparlar öňe saýlandy. Şeýlelikde, “Güneş” topary bu bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Bäsleşigiň ýeňijilere Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Ahal welaýat bölüminiň sowgatlary gowşuryldy.