Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Şeýh Zaýed uly metjidi
  23.11.2022
855
Şeýh Zaýed uly metjidi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan ilkinji resmi saparyny Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän, BAE-niň esaslandyryjysy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň adyny göterýän Şeýh Zaýed uly metjidine baryp görmek bilen jemledi.

Döwlet Baştutanymyzy bu ýerde metjidiň dolandyryş merkeziniň baş müdiri Ýusef Al Obaidli garşylady. Soňra, hormatly Prezidentimiz merhum Prezident Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýanyň aramgähine baryp, aýat-töwir okalandan soň metjidiň aýratynlyklary bilen tanyşdy.  

Metjit barada gyzykly maglumatlar: 

Şeýh Zaýed uly metjidi (arapça: مسجد الشيخ زايد) dünýädäki iň uly alty metjidiň biri  bolup, ol Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabi şäherinde ýerleşýär. Bu metjit Birleşen Arap Emirlikleriniň düýbüni tutujy we ilkinji Prezidenti Şeýh Zaýed bin Soltan Al Nahaýýanyň adyny göterýär.  Metjit 2007-nji ýylda Remezan aýynda resmi taýdan açyldy.

Bu metjitde, BAE-niň Dubaý şäherinde ýerleşýän Jumeýra metjidi bilen bir hatarda bu ýurduň beýleki metjitlerinden tapawutlylykda, beýleki din wekillerine hem (diňe musulmanlara däl) girmäge rugsat berilýär. BAE-niň Syýahatçylyk ministrligi, 2008-nji ýylyň mart aýynyň ortalaryndan musulmanlara we beýleki din wekillerine bu metjitde ekskursiýalaryň geçirilýändigini  habar berdi. Şeýh Zaýed metjidine giriş we ekskursiýa tölegsiz edildi.

Şeýh Zaýed uly metjidi - musulmanlaryň ynamynyň nyşany bolup Emirlikleriň uly baýlygynyň keşbini görkezýär. Bu metjidiň gurluşygynyň bahasy 500 million ABŞ dollaryndan gowrak bolmagy bilen ol görlüp-eşidilmedik bina bolup, ýurduň ýaşaýjylarynyň we dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň arasynda giň meşhurlygy gazandy. 

Dünýä rekordlary:

Şeýh Zaýed uly metjidinde dünýäniň iň uly halysy bar. Şeýle giň meýdany tutýan haly, dünýädäki iň uly halydyr, eýranly suratkeş Ali Halikiniň çyzgysyna görä «Iran carpets» şereketi tarapyndan dokalypdyr. Halynyň meýdany 5627 inedördül metr bolup takmynan 1200 dokmaçy, 20 tehniki topar we 3000 işçi zähmet çekdi. Bu halynyň agramy 47 tonna bolup, ol 35 tonna ýüňden we 12 tonna pagtadan ybaratdyr. Halynyň gurluşynda 2,268,000,000 düwün bar.

Germaniýada öndürilen we Awstriýanyň Swarowski altyn ýapraklary we kristallary bilen bezelen ýedi sany lýustralar metjidiň zallarynda asylandyr. Metjidiň esasy lýustrasy (diametri 10 metr, beýikligi 15 metr, agramy 12 tonna)  2010-njy ýylyň 26-njy iýunyna çenli goňşy Katar Döwletinde has uly lýustra oturdylýança dünýäde iň uly lýustra hökmünde tanalýardy. Şeýle-de bolsa, ol metjitde gurnalan dünýädäki iň uly lýustra bolup galýar. 

Arhitekturasy: 

Metjit bir wagtyň özünde 40,000 adamy kabul edip bilýär. Esasy namaz zaly 7 müň ybadatçy üçin niýetlenendir. Esasy namaz zalynyň gapdalyndaky iki otagyň her birinde 1500 adam bolup biler. Bu otaglaryň ikisi-de diňe aýallar üçin niýetlenendir.

Metjidiň dört burçunda beýikligi takmynan 107 metre ýetýän dört  sany minara bar. Esasy binanyň daşky hatary 82 sany gümmez bilen örtülendir. Gümmezler ak mermer bilen bezelip içki bezegi hem mermerden ýasalandyr. Içki girelge  reňkli mermer bilen örtülip takmynan 17,400 inedördül  metre deňdir.

Metjidiň umumy meýdany 22 müň inedördül metrden gowrak bolup, dünýädäki iň uly gümmeziň beýikligi 87 m beýiklige ýetýär. Mundan başga-da, bu bina gara plitalar arkaly örtülen emeli köller bilen gurşalandyr.

 

Gülruh ATABAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.