logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Sports /Serdar Azmun myşsa şikesi sebäpli dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmez
  10.10.2022
1517
Serdar Azmun myşsa şikesi sebäpli dünýä çempionatyna gatnaşyp bilmez

Asly türkmenistanly eýanly hüjümçi Serdar Azmun myşsa şikesini aldy we alty-ýedi hepdeläp meýdança çykyp bilmez. Ol Çempionlar ligasynyň 3-nji duşuşygynyň öňüsyrasynda — «Porto» bilen boljak oýundan öňki türgenleşikde sag aýagynyň myşsasyndan şikes aldy. Şol sebäpli Serdar Azmun Katarda geçiriljek dünýä çempionatyny sypdyryp biler.

Belläp geçsek, Azmun Eýranyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçylarynyň biridir. Eýranyň ýygyndysy dünýä çempionatynda ilkinji oýnuny 21-nji noýabrda Angliýa garşy geçirer.