Taryhymyzda ýitmejek yz goýan şahyrymyz Magtymgulynyň nurana keşbi şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika ugurlarynda şekillendirilip, halk köpçüligine ýetirildi. Bu beýik şahyr hakda ýazyjylar proza, poeziýa, drama eserlerini döretdiler. Kino režissýorlar çeper we dokumental filmler goýdular. Çünki, watansöýüji şahyryň döredijiligi umumadamzat üçin terbiýeçilik mekdepdir. Onuň şygyrlaryny okanyňda watançylyk, agzybirlik, jebislik ýaly garaýyşlary öňe sürendigine göz ýetirýärsiň. Sebäbi şahyr watansyz, il-günsüz ýaşaýşy asla göz öňüne hem getirip bilmändir. Watana bolan çäksiz söygi, agzybirlik şahyryň şygryýetinde belent owaz bilen yaňlanypdyr.
Şeýle gyzgyn mähir bilen il-ýurdunyň abadançylygyny, bagtly gözel durmuşda ýaşamagyny, işleriniň rowaçlanmagyny, ýaýlalarynyň reňbe-reň gül açyp, ýurt binasynyň gaýym gurulmagyny arzuw eden şahyryň 300 ýyllyk senesi bilen baglanşykly çäreler Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem yzygiderli geçirilýär. Şol çäreleriň biri hem şekillendiriş we amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda geçirilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly döredijilik bäsleşigidir. Bu bäsleşige akademiýanyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ýaşlar bäsleşige şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň dürli görnüşlerinde döreden türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň çeper keşbini we onuň şygyrlary esasynda ýerine ýetiren kompozisiýa eserlerini hödürlediler.
Berkakar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Gahryman Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldary, pelsepeçi Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk senesi bellenilip geçilýär. Hormatly Gahryman Prezidentimiz 2024-nji ýyly "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýyly diýip yglan etdi. Bu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda şahyryň döredijiligi bilen baglanşykly köpsanly döwlet çäreleri geçirilýär. Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp goşgusyny döretdi. Mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy türkmen halkynyň kalbynda uly orun tutdy.
Talyp ýaşlar şahyryň döredijiligini içgin öwrenip, çeper serişdeleriň üsti bilen onuň keşbiniň çeper çözgüdini taraşladylar. Ýaşlaryň döreden bu sungat eserleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çünki, Magtymgulynyň döredijiligi türkmen halkynyň milli baýlygyna öwrüldi. Onuň döredijiliginde gozgan watançylyk, dostluk, agzybirlik, ynsanperwerlik ideýalary, sosial, ahlak, etiki, estetiki meseleleri, bu güne çenli köpçüligiň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu bäsleşige hödürlenen eserler kämil talyp ýaşlaryň Hormatly Gahryman Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli, taryhy ähmiýetli syýasatyna, ülkämiziň gazanan üstünliklerine buýsanýandygynyň alamaty bolup durýar.
Orazgözel Utomyşewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty
fakultetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň uly mugallymy.