logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Culture /Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi
  11.03.2026
217
Şekillendiriş sungaty muzeýinde döredijilikli sergi geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen hem-de daşary ýurtly suratkeşleriň eserlerinden düzülen giň gerimli sergi üstünlikli guraldy. Çäräniň dowamynda muzeýiň dört sany sergi zaly ulanyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Muzeýiň atrium zaly janly we emeli güller bilen bezelen kompozisiýalar arkaly bezeglenip, baharyň we gözelligiň baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Sergi zallarynyň birinde gadymy saz gurallarynda ýerine ýetirilen saz eserleri ýaňlandy. Şeýle hem 8-nji mart baýramynyň nyşany hökmünde sekiz sany gyz türkmen milli lybaslarynda muzeýiň ikinji gatyndan düşüp, döwrebap egin-eşik kolleksiýasyny görkezdi.

 

Myhmanlary garaşylmadyk täsirli çykyşlaryň biri hem, Gündogaryň zarba sungaty mekdebiniň meşhur okuwçysy hem-de ilkinji türkmen ussat suratkeşi Bäşim Nuralynyň keşbi “janlandyryldy”. Çeperçilik akademiýasynyň talyby Jumamyrat Gurbanow suratkeşiň keşbinde çykyş edip, onuň eserleriniň arasynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Şeýle hem akademiýanyň beýleki talyplary tarapyndan Olga Mizgirýowanyň we Sergeý Beglarowyň eserleriniň esasynda heýkeltaraşlyk hem-de keramika boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

 

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursunsolmaz Muhammedowanyň döredijilik ekspozisiýasy hem görkezildi. Ol keramika ussady, florist-suratçy hem-de dizaýner hökmünde birnäçe görnüşde çykyş edip, güller bilen bezelen ýerde öz keramika işlerini tomaşaçylara hödürledi.

 

Gulara Babaýewa tarapyndan taýýarlanan keramika önümleriniň giň kolleksiýasy hem sergä aýratyn öwüşgin berdi. Onuň döredijiligindäki gap-gaçlar häzirki zaman we milli bezeg nagyşlarynyň sazlaşygy bilen tapawutlanýar.

 

Bahar Pirgulyýewanyň haly we gobelenlerinden ybarat ekspozisiýasy zenan bagşynyň ýerine ýetiren aýdymlary bilen utgaşdyryldy. Şeýle hem Aýjemal Saryýewanyň okuwçysy türkmen şaý-sepleriniň görkezilişi wagtynda öz işiniň üstünde işläp görkezdi.

 

Suratkeş Çarymyrat Ýazmyradow “Dört pasyl” atly surat toplumyny hödürläp, ýylyň dört paslyny zenan keşpleriniň üsti bilen şekillendirdi. Gunça Myradowa bolsa dürli owadan lybaslarda türkmen gözelleriniň dört portretini görkezdi.

 

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen sergide diňe türkmen suratkeşleriniň däl, eýsem daşary ýurtly suratkeşleriň hem zenanlara bagyşlanan eserleri görkezildi. Muzeýiň hemişelik ekspozisiýasyndan Nazar Ýomudskiniň “Aýalymyň portreti”, Walentin Serowyň “Zenan portreti” hem-de fransuz suratkeşi Eduard de Bürüň şol atdaky eseri ýaly birnäçe işler hem bu sergä goşuldy.

 

Şeýlelikde, Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen bu döredijilik çäresi sungaty söýüjiler üçin ýatdan çykmajak medeni waka boldy.

 

Ogulbibi ATAÝEWA,

Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş
muzeýiniň bölüm müdiri.