Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /“Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurymlary diplom işleri bilen tanyşdyrydy
  13.06.2024
394
“Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň uçurymlary diplom işleri bilen tanyşdyrydy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda” ýaşlara eziz Watanymyzyň gelejegini gurujylar hökmünde garalyp, olara uly ynam bildirilýär. Ýaşlaryň ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, giň dünýägaryýşly ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan uly aladalar edilýär.  Indi birnäçe ýyllardan bäri baýry ýokary okuw mekdepleriň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara sungatyň dürli ugurlaryndan bilim we hünär almaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda sungatyň we medeniýetiň has-da gülläp ösmegine uly goşant goşýan ylymly-bilimli hünärmenleri taýýarlaýan bu ýokary okuw mekdebinde şu günler diplom işleriniň goraýyş çäresi özüniň gyzgalaňly işine başlady. Bu çäre ýokary okuw mekdebiniň sergiler zalynda, hollarydyr, howly meýdançasynda alnyp barylýar. 

Ýokary okuw mekdebimiziň “Şekillendiriş sungaty” fakultetiniň “Nakgaşçylyk, “Grafika”, “Heýkeltaraşlyk” kafedralarynyň 6-njy ýylyny tamamlaýan uçurym talyplarynyň ýerine ýetiren diplom işleriniň goragy has-da täsirli we gyzykly geçdi. “Nakgaşçylyk” kafedrasynyň talyplary Ş.Saparowanyň “Magtymguly”, A.Kurbangeldiýewiň “Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen aýdyşygy”, L. Orazlyýewanyň “Göroglynyň öýlenişi”, P.Ilbaýewiň “Magtymgulynyň şygyrlary ylham çeşmesi”, G.Babaýewanyň “Aba Annaýew obasynda gelin toý”, Ö.Berkeliýewiň “Arkadag şäheri arzuwlaryň mekany”, Ş T.Çarywanyň Magtymgulynyň “Durasyň geler” atly goşgusyna monumental eseri, Ş.Berdiýewanyň “Magtymguly” operasyna, G.Almanowanyň “Ýusup Zuleýha” atly operasyna sahna bezegleri ýaly diplom işler dürli temalara eýe boldy. Olarda Arkadag şäheriniň gözellikleri, toý-baýramlary, döwrebap binalary, Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsi, Görogly şa dessanyndan parçalar, edebi çeper rowaýatlardaky, dessanlardaky gahrymanlardyr şahsyýetler bilen baglanyşykly bolan wakalar suratlandyryldy. Bu işlerde şöhlelendirilýän temalar agramlylygy, köp şekilliligi, açyk we ýagty reňkliligi bilen tapawutlanyp, tomaşaçy myhmanlaryň ünsüni çekdi. 

Bu çärede “Grafika” kafedrasynyň talyplary hem kitap we stanok grafikasy ugry boýunça ýerine ýetirilen diplom işleri bilen çykyş etdiler. O. Allagulywanyň “Arkadag şäheri-bagtyň şäheri”, G.Annamyradowanyň “Arkadag şäheri-ylhamyň gözbaşy”, A.Babaýewanyň “Arkadag şäheri -ýaşlygyň we gözelligiň şäheri”, M.Mämmedowyň “Magtymguly Pyragy-söz güýji kelam gudraty” atly kitap bezeg işleri, A.Akynowanyň “Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheri”, O.Hümmedowanyň “Berkarar döwleti arzuwlan beýik şahyr”, A.Apowowyň “Arkadag şäheri ömrüň täze sahypasy” atly temalardan çekilen  stanok eserleri döwrebaplygy we wajyplygy bilen uly gyzyklanma döretdiler. Ak we gara reňkleriň sazlaşygynda birnäçe toplumlara bölünýän bu işlerde Arkadag şäheriniň monumental binagärligi, milli-taryhy bezegleri  asudalygyň we parahatçylygyň nyşany hökmünde dabaralanýar. Beýik Magtymgulynyň islän berkarar döwletini şöhratlandyrýan işlerde bolsa dinamika, deňölçegli gurnama, milli taryhy gymmatlyklar mynasyp orna eýe bolup, inçe çyzyklaryň üsti bilen güýçlendirme hem-de peselme usullary bilen köp taraply many-mazmuna eýe bolýarlar.

“Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň uçurym talyplary M.Atamyradowyň “Serhetçi”, D.Abaşewiň “Welosipedçi”, S.Saparmämmedowyň “Magtymguly Pyragy”, M.Bazarowyň “Serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi”, M.Muhadowyň “At üstündäki oýunlar”, A. Mekanmyradowyň “Gurjak teatry” atly diplom heýkel eserleri özüniň döwrebaplygy we wajyplygy bilen tapawutlandylar. Bu işlerde heýkeltaraşlyk sungatynyň çeýelik we göwrümlilik, maýyşgakdan ýumşak hereketlilik usullary gips çigmalynda talaba laýyk jemlenýändigini görmek bolýar. Beýik şagsyýetler akyldar Magtymguly Pyragy bilen serkerde Seýitnazar Seýdiniň keşpleri  has-da dabaralanýar we olaryň keşpleri gahrymanlaşdyrylýar. 

 2024 - nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny tamamlaýan ähli uçurymlaryna ak ýol, sungat ýolunda bolsa uly üstünlikleri arzuw edýäris. Goý olar geljekde ýurdumyzyň medeniýetini we sungaty dünýä ýaýmakda mynasyp işleri bitirýän hünärmenler bolup ýetişsinler.

 

Göwher Saparmyradowa
TDÇA-nyň “Amaly-haşam sungaty” 
kafedrasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy