logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda maslahatlar geçirilýär
  22.03.2025
894
Sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda maslahatlar geçirilýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine laýyklykda öňe sürýän başlangyçlary, ýurduň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, şeýle-de dünýä döwletleri bilen abadançylygy, ösüşi we rowaçlygy gazanmak ugrunda hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Ýaňy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahat geçirildi.

 

Bitaraplyk syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk bolsa durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde strategik orny eýeleýär.

 

Şeýle hem bellenilişi ýaly, häzirki döwürde dünýäniň dürli künjeklerinde sebit we sebitara hyzmatdaşlyk barha pugtalanyp, täze ykdysady birleşikler emele gelýär. Bu ösüş geografiki mümkinçiliklere, häzirki zaman tehnologiýalaryna, ekologik kadalara we netijeli çözgütlere esaslanýar. Häzirki global şertlerde umumy bähbitler esasynda pikir alyşmak, hyzmatdaşlyk etmek we anyk hereketleri amala aşyrmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara institutlaryň we maliýe edaralarynyň jogapkärçiliginiň hem artýandygy aýratyn nygtaldy. Türkmenistan geoykdysady syýasaty ýöredip, energiýa çeşmelerini, ulag geçelgelerini we üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa etmek hem-de iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlyk munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

 

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda sebitiň energetika, ulag we üpjünçilik ulgamlarynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň geosyýasy we geoykdysady ähmiýetine ünsi çekdi. Olaryň maksady Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriniň arasyndaky ykdysady baglanyşyklary pugtalandyrmak hem-de täze energetika, ulag, senagat we tehnologik geçelgelerini döretmekden ybaratdyr.

 

Aýmyrat MUHAMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.