Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Sazlaşykly ösüşleriň binýady
  27.04.2023
716
Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda mähriban halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň barha kuwwatlanmagy babatda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeler döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenen. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýola goýulýan strategik başlangyçlar bar bolan tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga, olary taýýar önüme öwürmek boýunça ösen senagat ulgamyny kemala getirmäge esaslanandyr. Şol maksat bilen ýokary tehnologiýaly senagat kärhanalarynyň işine iri maýa goýumlaryny çekmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysady ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek daşary syýasatymyzyň wajyp ugurlarynyň biridir. Iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna halk hojalygynyň esasy pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işler ýola goýuldy. Hususy telekeçiler we daşary ýurtly maýadarlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetildi. Şol nukdaýnazardan hem, halkara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususy ulgamy ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasy wezipeleriniň hataryndadyr. «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, alnyp barylýan çäreler sanly ulgamyň bize eçilen mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga esas döredýär. Ähli pudaklara döwrebap hem kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar, maglumat-aragatnaşyk, elektron senagaty, nagt däl hasaplaşyk serişdelerinden we häzirki zaman tejribesinden netijeli peýdalanylýar. Ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen kiçi we orta telekeçilige giň ýol aýylýar. Hususyýetçileriň hukuk taýdan goraglylygy we olara degişli kepillikleri bermek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berilýär. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, hususy ulgamy bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar bilen üpjün edilýär. Bu ugurda gazanylan tejribeler kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine itergi berýär. Ýurdumyzda telekeçileriň dürli önümleri öndürmäge we önümçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen uzak möhletli karzlaşdyrmak işi çalt depginlerde ösdürilýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmakda ilkinji wezipeleriň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe ulgamlarynyň ösüşine uly üns berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly has köp zähmeti talap edýän işleri doly derejede awtomatlaşdyryp, ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini artdyrmakdan we netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Umuman, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek boýunça alnyp barlan beýik başlangyçlar häzirki döwrüň öňdebaryjy usullaryna we döwrebap tehnologiýalaryna esaslanmak bilen, ata ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Şeýle giň gerimli işleriň, döwletli tutumlaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!  

 

Şahla KURÝAZOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.