Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦ ✦ Berkarar döwletiň waspy çeper dillerde ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Sazlaşykly ösen nesiller – ýurduň daýanjy
  20.04.2023
553
Sazlaşykly ösen nesiller – ýurduň daýanjy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watana wepaly, ylymly-bilimli, ruhubelent, ýokary ahlakly, sagdyn bedenli ýaş nesli terbiýeläp kemala getirmek hormatly Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde hem-de dünýä derejesinde eýeleýän ornuny has hem pugtalandyrmakda Türkmenistan döwletimiz ýaşlara uly bil baglaýar, olaryň ynamly ýeňişlerine buýsanýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda badalga alan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş nesilleriň sagdyn bedende, sagdyn ruhda kemala gelmegi üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine ýaşlaryň ylym hem döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatyny mundan beýläk hem kämilleşdirmegiň çäklerinde kämil bilimli, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, halkynyň milli medeniýetini we däp-dessurlaryny, milli gymmatlyklaryny sarpalaýan, ilhalar adamlary kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler yzygiderli görülýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmek, sport endiklerine höweslendirmek esasy ugurlardyr. Şol wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, dürli mazmundaky wagyz-nesihat çärelerini ýaýbaňlandyrmaklyga hem uly üns berilýär. Ykbalyny sport bilen baglan ýaşlarymyz ussatlygyň ýokary nusgasyny görkezip, Garaşsyz Diýarymyzyň sport dünýäsindäki abraýyny barha belende göterýärler. Mähriban halkymyzy beýik işlere, türkmen ýaşlaryny täze üstünliklere ruhlandyrýan, ata Watana bolan çäksiz söýginiň belent nusgasyny görkezýän Milli Liderimiz Eziz Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz ýaş nesiller üçin nusgalyk mekdepdir. Bu gymmatly, nusgalyk mekdep ýaşlar syýasatynyň möhüm ugurlaryny üstünlikli amala aşyrmakda uly goltgy, uly itergi berýän ýörelgeli ýoldur. Merdana halkymyzyň baý durmuş tejribesini hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen gymmatlyklaryny aýap saklamakda we ony dünýä ýaýmakda ýaşlaryň öňünde uly wezipeler durýar. Şeýle-de ýaşlara bilimlerini yzygiderli baýlaşdyrmaga, ylym almaga uly mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa jemgyýeti ösdürmegiň esasy ugurlaryny hem-de eziz halkymyzyň bagtly geljegini kesgitleýän möhüm şertleriň biridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň bilim derejesiniň ýokarlanmagy, durmuşyň ähli ugurlaryna ylmy-tehniki täzelikleriň giňden ornaşdyrylmagy bilen şertlendirilen, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan beýik eýýamydyr. Şeýle ösüşli hem galkynyşly eýýamda Türkmenistan Watanymyza wepaly, ilhalar ynsanlar, ylymly-bilimli ogul-gyzlar bolup ýetişmek bagtyýar ýaşlarymyz üçin uly mertebedir, perzentlik borçdur! 

 

Aýjeren AGAJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.