logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Society /Saýlawlara işjeň gatnaşarys!
  25.03.2023
954
Saýlawlara işjeň gatnaşarys!

Mälim bolşy ýaly, ertir — 26-njy martda ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary türkmenistanlylar üçin öz gapylaryny açarlar. Ildeşlerimiz konstitusion hukugyndan peýdalanyp, Mejlisiň deputatlygyna, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalygyna dalaşgärleriň has mynasyplaryna ses bererler we özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý ederler.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde 26-njy martda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görüldi. Saýlawlar gününde saýlawçylaryň ýokary işjeňlik görkezjekdiklerini we mynasyp gören dalaşgärleri üçin ses berjekdiklerini ynamly aýdyp bolar.

Şu gün ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda doly taýýarlyk yglan edildi. Olaryň her biri ses bermek üçin gutular, şol sanda göçme gutular, saýlaw býulletenleri we ähli zerur sowal-jogap hem-de usuly edebiýatlar bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin ýörite kabinalar bilen üpjün edilen ýerler taýýarlanyldy.

Her bir saýlaw uçastogyna ygtybarly aragatnaşyk enjamlary, ulag serişdeleri berkidildi. Saýlawlar gününde saýlaw uçastoklarynyň 240-synda işleriň gidişi sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Munuň özi saýlawlaryň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçýändigine, olarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk eder. 

 

Nury AGABAÝEW, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň mugallymy.