Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan asylly ýörelgeleri netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda işler sazlaşykly guralýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji 20-nji aprelindäki №100-VII belgili karary esasynda şu ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şähriniň 1-nji “Garaşsyzlyk”, 2-nji “Bitaraplyk” we 6-njy “Köpetdag” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlaryny geçirmek bellenildi.
Şol mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzda hasaba alnan dalaşgärler bilen saýlawçylaryň arasynda duşyşyklar yzygiderli guralýar.
2024-nji ýylyň maý aýynyň 8-den başlap, saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek işleri amala aşyrylyp, 9 sany dalaşgär degişli saýlaw toparlarynda bellige alyndy. Dalaşgärleri hödülemek Türkmenistanyň syýasy partiýalary, ýagny, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Türkmenistanyň agrar partiýalary tarapyndan, şol bir wagtyň özünde dalaşgärleri hödürlemek Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine laýyklykda raýatlar toparyna hem ygtyýar berilýär.
Ýurdumyzda milli demokratiýanyň sazlaşykly ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönüdirilen döwlet syýasatyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Aýlar SADYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.