Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Sanly ulgam – döwrebap mümkinçilikler ✦ ✦ “Parahatçylyk – bagtyň açary” atly döredijilik sergisi ✦ ✦ Ýurdumyzda maldarçylyk pudagynyň ähmiýeti ✦ ✦ Uçar ganatym bedew ✦ ✦ Tejen etrabynda “Hünärim bar-hormatym bar” atly sergi geçirildi ✦ ✦ Tejen etrabynda söhbetdeşlik gurnaldy ✦ ✦ Behişdi bedewler — türkmeniň uçar ganaty ✦ ✦ Türkmen bedewleriniň dünýä derejesinde üstünligi ✦ ✦ Bedew at — halkyň myrady ✦ ✦ “Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary” atly bäsleşik geçirilýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy
  14.05.2024
448
Saud Arabystan Türkmenistana 25 tonna hurmany sowgat hökmünde ugratdy

Saud Arabystan Patyşalygynyň haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistana 25 tonna barabar bolan hurmany sowgat hökmünde ugratdy.

 

Şu gün Saud Arabystanynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Patyşalygyň Türkmenistana ugradan sowgady bolan 25 tonna barabar hurmany türkmen tarapyna gowşuryş çäresi geçirildi. Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Said bin Osman Ahmed Suweýd Saud Arabystany Patyşalygynyň haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ugradylan 25 tonna hurmany Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýetiniň wekillerine gowşurdy.

 

Ilçi “Saud Arabystany Patyşalygynyň doganlyk we goňşy ýurtlara däp boluşy, her ýyl hurma sowgat ugradýandgyny we şol sanda doganlyk Türkmenistana hem sowgat edýäris” diýip nygtady.

 

Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýetiniň wekili gymmatly sowgat üçin minnetdarlygyny bildirdi we hurmanyň haýyr-sahawat üçin degişli ýerlere paýlanjakdygyny aýdy.
 

 Leýla Hudaýberdiýewa,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň talyby.