Häzirki döwürde beýik akyldar şahyrymyz Мagtymguly Pyragynyň berkarar döwlet, halkymyzyň asuda, agzybir we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakynda eden arzuwlary hasyl boldy. Şeýlelikde, tutuş halkymyz ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneleri, şol sanda Täze ýyl baýramçylygyny mynasyp derejede dabaralandyrýar. Munuň özi Diýarymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Ähli ynsanlaryň uly umytlar, ýagşy arzuw-niýetler bilen garaşan Täze ýyl baýramy bosagada dur. Şu ýakymly pursatlarda täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgininden göwni galkynyp, biri-birine iň gowy baýramçylyk gutlaglaryny aýdyp, şatlyklaryny paýlaşmaklary il agzybirliginden nyşandyr.
Dürli öwüşginli çyralary bilen asuda gijeleri ýagtyldyp, ata Watanymyzyň gözelliklerini goşalandyrýan arçalaryň töweregi birnäçe günden bäri has köp adamly. Dürli-dürli bezeg we yşyklandyryjy serişdeleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçalarynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de bu ýerde surata düşmäge gelýärler. Baýramçylyk görnüşleri merkezi meýdançalarda, seýilgählerde we ýurdumyzyň her künjeginde şugla saçýar.
Egsilmez zähmet üstünliklerine, uly rowaçlyklara, päk arzuw-niýetlere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly özüniň rysgal-bereketi bilen halkymyzy guwandyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ugurlarda üstünlige beslenen 2024-nji ýyl her bir adamyň kalbyna buýsanç, ýüregine mähremlik çaýdy.
Dünýä giňişliginde adamzadyň ýagşy umytlar, nurana arzuwlar bilen söýüp garşylaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bagtyýar maşgalalaryň bereketli ojaklarynda agzybirligiň, bagtyýarlygyň aýdyň nyşanyna öwrülip, şatlyk-şowhun bilen dabaralandyrylýar. Ýakymly pursatlara beslenýän baýramçylyk ynsan kalbyny şatlykdan dolduryp, adamlaryň ruhubelentligini artdyrýar. Goý, täze ýyl gujur-gaýratyň, güýç-kuwwatyň güýçlenýän, her bir ynsanyň ýüreginde beslän arzuwlary amala aşýan bereketli ýyllaryň biri bolsun!
Şirinaý ÖWLÝAGULYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň
guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.