logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Şatlykda täze gaz gysyjy desga gurlar!
  20.06.2023
965
Şatlykda täze gaz gysyjy desga gurlar!

«Türkmengaz» döwlet konserni «Gündogar – Günbatar» gazgeçirijisiniň Şatlyk böleginde täze gaz gysyjy desgasyny gurar. Degişli desgany gurmak we gerekli enjamlary daşary ýurtlardan getirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edildi.

Halkara bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler konserniň paýtagtymyzdaky Arçabil şaýolunyň 56-njy jaýynda ýerleşýän merkezi edarasynda kabul edilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Gündogar – Günbatar» gazgeçirijisi ýurdumyzyň Mary welaýatyndaky baý gaz ýataklaryny Hazar kenaryndaky uglewodorod ýataklary bilen birleşdirýän iri bitewi ulgamdyr. Onuň kömegi bilen tebigy gazyň sarp edijilere bökdençsiz ýetirilmegi üpjün edilýär.