logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary başlandy ✦ ✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦
Home / Society /Sarahs haçan gurlupdyr?
  03.03.2021
832
Sarahs haçan gurlupdyr?

   Ýagny, Salyr türkmenleriniň Köne Sarahsa beýleki türkmen taýpalaryna görä has dahyllydyklaryny subut edýän birnäçe taryhy maglumatlar bar. Muňa mysal edip, 7 asyrda araplar häzirki türkmen topragyna aralaşan wagtlaram gadymy oguz taýpalarynyň biri bolan salyrlar Sarahsda otyrdylar. Şonda olar beýleki oguz türkmen taýpalary bilen bilelikde, araplara garşylyk görkezipdirler.

     Has takygy, bu şäheriň haçan gurlandygyny, kim tarapyndan düýbüniň tutulandygyny asla hiç kim bilmeýär. Taryhy çeşmelerde bolsa bu barada dürli maglumatlary berýärler. Mysal üçin, 12 asyrda ýaşap geçen Merwli taryhçy as-Samany özüniň “Atlaryň geneologik kitaby” atly işinde: “Sarahs Eýranyň patyşasy Keýkowus döwründäki bir garakçynyň ady bolupdyr. Ol häzirki Sarahsyň oturan ýerinde ýaşapdyr we şäheriň düýbüni tutupdyr, Isgender Zülkarneýin bolsa ony dowam etdiripdir” diýip belläp geçýär.

       Şeýle-de, orta asyr arap taryhçysy Ýakut özüniň 1224-nji ýylda ýazan “Ýurtlaryň sözlügi” diýen kitabynda hem, edil as-Samanynyňka meňzeş maglumat berýär: “Parslaryň aýtmaklaryna görä, Keýkowus patyşa Judarzyň Sarahs atly ogluna mülk üçin ýer bölüp beripdir, ol bolsa şol ýerde şäher gurdurypdyr we oňa öz adyny dakdyrypdyr” diýip beýan edýär.

      Mundan başga-da, pars taryhçysy we geografiýaçysy Kazwini bolsa, 1340-njy ýylda ýazan “Ýürekleriň eşreti” atly çeşmesinde: “Sarahsy  Afsaryýap türk gurdurypdyr”, diýýär. Şeýlelik-de, Köne Sarahsyň düýbüniň haçan we kim tarapyndan tutulandygy barada anyk maglumat ýok.

     Emma welin bir zat belli, ýagny ol iňňän gadymy şäher. Munuň şeýledigine Isgender Zülkarneýiniň orta Aziýa eden ýörüşlerinden hem has irki we soňraky döwürlere degişli çeşmelerde bu şäheriň adynyň edil şu günki ýaly “Sarahs” diýip atlandyrylmagy muňa şaýatlyk edýär.