logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Sports /Sarahs etrabynyň merkezinde woleýbol ýaryşy geçirildi
  05.08.2023
760
Sarahs etrabynyň merkezinde woleýbol ýaryşy geçirildi

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň merkezinde ýerleşýän sport mekdepde woleýbol ýaryşy geçirildi.

 

Sarahs etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen ýaryşa edara-kärhanalardan, şäherçedir obalardan we sport mekdepden gelen toparlaryň jemi altysy gatnaşdy. Bu alty toparyň arasynda sportyň woleýbol görnüşi boýunça gyzykly duşuşyklar geçirildi.

 

Ýaryşyň aýgytlaýjy oýny Sarahs etrabyň sport mekdebinden we Gaňňaly şäherçesinden gelen woleýbol toparlarynyň arasynda boldy. Gyzykly we çekeleşikli geçen duşuşykda Gaňňaly şäherçesiniň topary garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýeňijilere bu sport ýaryşyny gurnaýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we hormat hatlary gowşuryldy.