logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Sports /Sarahs etrabynda okuwçylaryň arasynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi
  23.10.2022
1093
Sarahs etrabynda okuwçylaryň arasynda kiçi futbol ýaryşy geçirildi

Golaýda, Sarahs etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň sport meýdançasynda, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, etrap bilim bölümi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat we etrap Geňeşleri bilelikde guramagynda, mekdep okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII spartakiadanyň çäginde kiçi futbol ýaryşy geçirildi.

Mekdep okuwçylarynyň bu ýaryşa taýýarlykly gelendigine çekeleşikli duşuşyklar aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Olarda ýaşlar öz erjelligini doly görkezmäge synanyşdylar. Bu bolsa güýçli toparlary öňe saýlamaga mümkinçilik berdi. Ýaryşyň netijesinde etrapdaky 1-nji orta mekdebiň toparyna taý gelen bolmady. Ol ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýaryşda ikinji orny 10-njy, üçünji orny bolsa 17-nji orta mekdepleriň toparlary eýeledi.