Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Talyp ýaşlar sungatda öwrenen hünärini ylmy esasda açyp görkezýärler ✦ ✦ Uçurumlaryň taslama işlerinde döwrüň çeper beýany ✦ ✦ Ahal welaýatynda medeniýet hepdeligi geçirildi ✦ ✦ 4000-den gowrak adam Watanyna Türkmenistanyň üsti bilen dolandy ✦ ✦ Ýaşlar etnografiýa muzeýine gezelenç etdiler ✦ ✦ Meteorid daşy ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi ✦ ✦ Sanly ulgam - ösüşiň binýady ✦ ✦ Medeniýet hepdeligine badalga berildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň küştçüleri «Aşgabat 2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler ✦ ✦ Galla - biziň baýlygymyz ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Şanly ýylyň belent şygary – köňülleriň joşguny
  13.04.2023
481
Şanly ýylyň belent şygary – köňülleriň joşguny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Watanymyzyň nurana hem beýik geljegini gurujylar bolan bagtyýar ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan asylly başlangyçlar bu gün myradyna gowuşýar, ýurdumyzyň bilim binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» badalga alan belent başlangyçlar şanly ýylyň joşgunyny, üstünliklerini rowaçlandyrýar. Şanly ýylymyzyň şygary bagtyýar ýaşlary asylly işlere ruhlandyryp, ýaş göwünlere ganat berip, batly gadamlar atarýar. Ata Watanymyzyň geljekki ösüşlerini, beýik maksatly ýeňişlerini ýaşlaryň durmuşy bilen berk baglanyşdyrýan Arkadagly Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirýär, bagtly nesillerimiziň kämil bilim almagy, döwrebap derejede okamagy, bedenterbiýe we sport, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin hemme şertleri döredýär. Ähli bilim ojaklaryň ösen tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödeýär. Bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesillerimiz üçin bagtyýar geljegi binýat etmek, ähli işleri döwrebap şertlerde guramak üns merkezinde saklanylýar. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy has-da pug­ta­lan­dy­ryl­ýar, döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan ussatlyk bilen baş çykarýan zehinli ýaş­la­ry­my­ň kemala gelmegi ugrunda oňyn ädimler ädilýär. Çünki hä­zir­ki döw­rüň ýaş­la­ry bagtdan paýly, ylymdan-bilimden serpaýly nesillerdir. Mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlaryň uly güýç bolup durýandygyny Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda yzygiderli nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn zehinleriniň taplanmagy, döredijilik işjeňliginiň kämilleşmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar. Ýaşlaryň da­şa­ry ýurt dil­le­rin­i öwrenmeklerini gazanmak we höweslendirmek möhüm wezipedir. Ösüp gel­ýän ýaş­la­ry ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­ge­le­re eýe­rip ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň yn­san­per­wer­lik we wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­ny ös­dür­mek, ata Wa­ta­ny­my­za we­pa­ly edip ýe­tiş­dir­mek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esa­sy mak­sa­dy­­dyr. Ýaş­la­ryň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ös­me­gi, döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­ma­gy häzirki döwrüň möhüm talaby bolan san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryny öz­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da iň tä­ze, döw­re­bap komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, mul­ti­me­dia ul­gam­la­ry bi­len üp­jün edi­len bilim merkezleri, okuw jaýlary guruldy. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän in­no­wa­sion öz­gert­me­le­riň bar­şyn­da bi­lim ul­ga­myn­da giň müm­kin­çi­lik­ler gazanyldy. Şanly ýylymyzda Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan şeýle beýik işleri, döwletli tutumlary bagtyýar döwrümize täze-täze rowaçlyklary, belent sepgitleri bagyş edýär.

 

Seilbaý DÄDIŞOW,

Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher 
hassahanasynyň Kärdeşler arkalaşygynyň 
ilkinji guramasynyň başlygy.