Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abadançylygyny, parahatçylygyny we bagtyýarlygyny, ösüşini batlandyrmak babatdaky asylly işler rowaçlyklara eýe bolýar. Oňyn özgertmelere tarap ädilýän möhüm ädimler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda özgerişlere ganat berip, bagtyýar ýaşlaryň watançylyk duýgusyny goşalandyrýar. Çünki eziz Watanymyz Türkmenistanyň bagtyýar geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ak ýoly bilen Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujur-gaýratly zähmet çekýändikleri kalplary buýsanja besleýär. Bu babatda alnyp barlan giň gerimli işler şanly ýylymyzyň ösüşleriniň güwäsi hökmünde taryha ýazylýar. Garaşsyz hem Bitarap Watanymyz halkymyzyň abadan ýaşamagy, ýaş nesilleriň bagtyýarlygy, sebit we ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly örän möhüm wezipeleri çözmek üçin uly tagalla edýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeler yzygiderli durmuşa geçirilip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk giňeldilýär.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigine, ähli pudaklarda ýokary ösüş depginleriniň gazanylýandygyna ösüşler bilen nurlanýan täze döwrümiz şaýat. Syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda uly üstünlikler gazanylyp, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyk namalary meýilnamalaýyn esasda, döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijeli häsiýete eýe bolýar we Watanymyzyň dünýä giňişliginde at-abraýy ýokarlanýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan diýarymyzda ilatymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga uly üns berilýär we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde senagat hem-de önümçilik desgalarynyň, iri ýaşaýyş toplumlarynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Türkmen ylmyny ösdürmek, ýaş nesli sagdyn bedenli, kämil ruhda terbiýelemek babatdaky asylly işler hem guwandyryjy ýagdaýdyr.
Şeýlelikde, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylymyz beýik üstünlikleriň ýolundaky oňyn başlangyçlary bagyş etmek bilen, mähriban halkymyzyň jebisligini, ýaş nesillerimiziň bagtyýarlygyny aýdyň şöhlelendirýär we täze-täze sepgitlere atarýar.
Annamyrat WELLEKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.