Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Sanly ykdysadyýet kämilleşdirilýär
  20.05.2024
334
Sanly ykdysadyýet kämilleşdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli Liderimiziň tassyklan, 2025-nji ýyla çenli niýetlenen Konsepsiýa üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama pudaklary tehnologiýa taýdan özgertmegiň hem-de döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysadyýeti ösdürmegiň özboluşly ugry bolup durýar.

 

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasy esasynda oňa geçmek elýeterli boldy. Ol ösüşiň durnukly oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar, şol sanda zerur düzümi döretmek boýunça anyk çäreler görülýär.

 

Degişli uguryň kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirilýär. 

 

Häzir sanlylaşdyrmak her bir pudak üçin zerur bolup, umumy ösüşe kybap gelmegiň üýtgewsiz şertidir. Tehniki we tehnologik döwrebaplaşdyrma, özgertmeleriň, aýratyn-da, ýurdumyzyň ykdysadyýet pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetli ugrudyr.

 

Güljan WEPALYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Sanly ykdysadyýet we
dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.